“HALKARA ULAG-LOGISTIKI HYZMATDAŞLYGY BERKITMEKDE TÜRKMENISTANYŇ DURNUKLY ULAG SYÝASATYNYŇ ORNY ORNY” atly II halkara ylmy-amaly maslahat
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasatynyň netijesinde Garaşsyz ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, şöhratly özgertmelere, eziz Diýarymyzyň her gününi bezeýän ajaýyp wakalara halkymyz tüýs ýürekden guwanýar hem-de buýsanýar.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda her ýylyň 26-njy noýabrynda bellenilýän “Bütindünýä durnukly ulag güni” mynasybetli “HALKARA ULAG-LOGISTIKI HYZMATDAŞLYGY BERKITMEKDE TÜRKMENISTANYŇ DURNUKLY ULAG SYÝASATYNYŇ ORNY ORNY” atly II halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Halkara maslahata Russiýa federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gazagystanyň, Singapuryň abraýly uniwersitetleriniň professor-mugallymlary onlaýn arkaly gatnaşdylar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilleri, Türkmenistanyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we orta hünär okuw mekdepleriniň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu halkara maslahatda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň ulag ulgamynda amala aşyrýan uly taslamalary we bu ulgamyň gerimini giňeltmek, hukuk binýadyny berkitmek, ösüp barýan döwletler üçin ulagyň elýeterliligini üpjün etmek babatda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary, teklipleri, garaýyşlary barasynda çykyşlarda aýdyldy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda»ýurdumyzyň her bir ösüşleri, gazanýan üstünlikleri, bolup geçýän taryhy wakalar bizi şanly ýeňişlere alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden tutup beren Berkarar döwletinde Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda maksatnamalaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle belent wezipeleri özünde jemleýän maksatnamalaryň netijesinde halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görýär. Şeýle-de Hormatly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, daşary syýasatda alyp barýan işleri ähli babatda üstünliklere beslenýär. Ählimize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň yzygiderli ýokarlanýan şertlerinde ýurdumyzda ulagyň ähli babatdaky döredilen mümkinçiliklerine esaslanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynda ulag diplomatiýasy uly üstünliklere beslenýär.
Halkara ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň, durnukly ösüşiniň bähbidine laýyk gelýän netijeli, özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, özüniň ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklerini durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak syýasatyny Birleşen Milletler Guramasy gyzgyn goldaýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek boýunça iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sebit we halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolup durýan awtomobil, demir ýollaryň, täze köprüleriň, howa menzilleriniň, Merkezi Aziýanyň “deňiz derwezesi” hasaplanýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurulmagy we başga-da ulag ulgamynda täze başlangyçlara badalga berilmegi bu ulgamda ägirt uly kuwwatyň bardygyny görkezýär.
Gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde ýurdumyzda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanşygyny ösdürmek, Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ulag geçelgesini ösdürmäge ähmiýet bermek,halkara üstaşyr ulag mümkinçiligimizi doly ulanmak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bu ugurda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Halkara maslahatda çykyş eden professor-mugallymlar halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň möhüm orny, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegi hökmünde demir ýol, awtomobil, howa, deňiz-derýa ulaglary ulgamynyň ähmiýeti, Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatynyň ulag strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde dabaralanmasy, ulag babatda halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslary we başga-da birnäçe mowzuklarda çykyşlar etdiler.
Halkara maslahat soňra öz işini “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty we ulag diplomatiýasy”, “Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ösüşiniň ylmy esaslary” we “Türkmenistanyň ulag pudaklarynda ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygy” atly bölümlerde dowam etdi.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bilim alýan talyp ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ulag ulgamynda öňe sürýän iň döwrebap özgertmelerini uly buýsanç bilen garşy alýarlar. Esasanam institutymyzyň demir ýol, awtomobil, howa hem-de suw ulaglary hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň geljekde özleriniň zähmet çekjek pudagy bolan ulag kommunikasiýa ulgamynda alnyp barylýan ägirt işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdýan alkyşlarynyň çägi ýokdur. Çünki, geljekde ylymly-bilimli ökde hünärmenler bolup, ýurdumyzyň ulag kommunikasiýa ulgamynyň kuwwatlanmagyna özleriniň saldamly goşantlaryny goşmaga uly mümkinçilikleriň eýýäm şu günlerden döredilýändigi buýsandyryjy hakykatdyr.
Bu geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty