Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «HÄZIRKI ZAMAN RUS DILINIŇ SINTAKSISI» ATLY TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «HÄZIRKI ZAMAN RUS DILINIŇ SINTAKSISI» ATLY TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

19 Nov 2026, 18:26 87

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde Rus dili we edebiýaty fakultetiniň hem-de Taryh-filologiýa fakultetiniň Rus we tatar filologiýasy kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan bilelikde taýýarlanan «Синтаксис современного русского языка» atly okuw kitaby we praktikumy neşir edildi. Bilelikdäki okuw kitaplaryny taýýarlamak iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky 2026-njy senenama ýyly üçin hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek Maksatnamasynda (ýol kartasynda) kesgitlenendir. «Картуш» neşirýatynda (Orýol ş.) çap edilen bu okuw kitabynyň awtorlary O.Gluhowa we J.Ilamanowa.

Okuw kitaby häzirki zaman rus diliniň sintaksisini özleşdirmek üçin zerur bolan nazary we amaly materiallary öz içine alýan okuw-usuly toplumdyr. Onda nusgawy we häzirki zaman grammatiki taglymatlary nazara alnyp, rus diliniň esasy sintaktik birlikleri – söz düzüminden başlap, çylşyrymly sintaktik bitewülige çenli yzygiderli beýan edilýär. Her babyň ahyrynda bilimleri özleşdirmek we berkitmek üçin gönükmeler toplumy ýerleşdirilendir. Olary mugallymyň ýolbaşçylygynda sapak wagtynda hem, talyplaryň özbaşdak işinde hem ulanmak bolar.

Okuw kitabynyň aýratynlygy dürli sintaktik hadysalary derňemek üçin materiallary saýlap almagyň medeniýetşynaslyk ýörelgesine eýerilmegidir. Ýumuşlara diňe bir rus nusgawy edebiýatynyň (A.Puşkin, M.Lermontow, I.Turgenew, L.Tolstoý, A.Çehow, A.Kuprin we başgalar) eserlerinden däl-de, eýsem, türkmen ýazyjylarynyň (A.Gowşudow, O.Akmämmedow, A.Durdyýew, H.Derýaýew, S.Annasähedow we başgalar) rus diline terjime edilen eserlerinden, şeýle hem Gündogar edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň (Sagdy, Nasyr Hysrow, Senaýy, Ibn Ýemin we başgalar) döredijiliginden mysallar girizilen. Tekstleriň şeýle saýlanyp alynmagy okuwy şahsyýete gönükdirilen häsiýete eýe edýär hem-de talyplarda dürli halklaryň medeni mirasyna aýawly garamak duýgusyny terbiýeleýär.

Okuw kitaby filolog talyplara, magistrantlara, aspirantlara, rus dili mugallymlara hem-de rus dilini öwrenmek we okatmak meseleleri bilen gyzyklanýanlaryň ählisine niýetlenendir. Ol sintaksis boýunça bilimleri ulgamlaşdyrmaga hem-de teksti sintaktik taýdan derňemek endiklerini kämilleşdirmäge ýardam eder, şeýle hem gymmatly usuly çeşme bolup hyzmat eder. Bilelikdäki kitabyň neşir edilmegi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ylmy hem-de döredijilik işlerini netijeli alyp barmakda, ylym-bilimi ösdürmekde döredýän giň mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, Watanymyzy gülläp ösdürmekde alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty