Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
«Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» boldy

«Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» boldy

19 Nov 2026, 12:15 108

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň «Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ajap Işanberdiýewa «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan her ýyl guramanyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän dabaranyň çäklerinde ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän we bilim alýan zehinli ýaşlara degişli şahadatnamalar hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Zehinli talyp Ajap Işanberdiýewa öz saýlap alan «Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary» hünäri boýunça sanly tehnologiýalaryň inçe tilsimlerini düýpli öwrenmek bilen bir hatarda, okuw jaýynyň jemgyýetçilik-medeni durmuşynda hem uly işjeňlik görkezýär. Ol mekdepde geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň, şeýle hem okuw dersleri boýunça guralýan welaýat we döwlet derejesindäki ders bäsleşikleriň öň hatarynda çykyş edip, ýokary netijeleri gazanýar. Mundan başga-da, Ajap şygyrýet älemine bolan çuňňur söýgüsi bilen tapawutlanýar we Watanymyzy, döwrümizi wasp edýän öz ýazan goşgulary bilen dürli döredijilik bäsleşiklerine hem-de edebi-medeni çärelere yzygiderli gatnaşýar.

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň häzirki zaman bilim ulgamyndan peýdalanmaklary, hünär taýýarlygyny kämilleşdirmekleri we öz zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Ajap Işanberdiýewanyň gazanan bu nobatdaky üstünligi hem ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagyna, şeýle hem olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmegine berilýän uly goldawyň aýdyň subutnamasy boldy.