Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Maliýe boýunça III Açyk Halkara internet olimpiadasynyň ýeňijileri kesgitlenildi

Maliýe boýunça III Açyk Halkara internet olimpiadasynyň ýeňijileri kesgitlenildi

19 Nov 2026, 11:01 98

Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda talyplaryň arasynda maliýe dersi boýunça geçirilen III Açyk Halkara internet olimpiadasynyň netijeleri jemlenildi. Halkara bilim bäsleşiginde ýokary taýýarlyk derejesini görkezen talyplar ýeňijiler hökmünde yglan edildi. Olimpiadanyň netijeleri bilen ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda tanyşyp bilersiňiz.

2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda geçirilen olimpiada Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň 72 sany ýokary okuw mekdebinden 268 talyby birleşdirdi. Halkara bäsleşigine Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Omanyň we Pakistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bäsleşik şahsy görnüşde türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirildi. Gatnaşyjylar «Maliýe» dersi boýunça taýýarlanan 10 sany ýumşy 120 minudyň dowamynda ýerine ýetirdiler. Netijeler gatnaşyjylaryň toplan ballarynyň jemi esasynda kesgitlenildi.

Olimpiadanyň eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli wekilleri girizilip, bäsleşigiň açyk we adalatly geçirilmegi üpjün edildi.

Bäsleşigiň jemleri boýunça jemi 121 sany baýrakly orun gowşuryldy. Olaryň arasynda 24 sany birinji, 41 sany ikinji we 56 sany üçünji orun bar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 9 sany baýrakly orna mynasyp boldular. Şolaryň hatarynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary bar.

Bäsleşikde Russiýanyň, Belarus Respublikasynyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem üstünlikli çykyş etdiler. Hususan-da, Russiýanyň ilkinji Prezidenti B.N. Ýelsiniň adyndaky Ural federal uniwersitetiniň, G.W. Plehanowyň adyndaky Russiýanyň ykdysadyýet uniwersitetiniň, «Milli gözleg uniwersiteti — Moskwa energetika instituty» federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň, Belarus söwda-ykdysady sarp edijiler kooperasiýasy uniwersitetiniň, Belarus döwlet uniwersitetiniň, Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň, Daşkent döwlet hukuk uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri ýokary netijeleri görkezdiler.

Şeýle hem Pakistan, Azerbaýjan, Gyrgyzystan we beýleki ýurtlaryň talyplary baýrakly orunlara eýe boldular. Olimpiadanyň ýeňijilerine I, II we III derejeli diplomlar gowşuryldy.

Halkara internet olimpiadasy talyplaryň maliýe sowatlylygyny ösdürmek, häzirki zaman ylmy-amaly meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak hem-de Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen geçirildi.