Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
BAÝRAKLARYŇYZYŇ HÖWRI KÖP BOLSUN!

BAÝRAKLARYŇYZYŇ HÖWRI KÖP BOLSUN!

19 Nov 2026, 09:39 98

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi. 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilen wagtyndan bäri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy beden we ruhy-ahlak taýdan sagdyn, zähmetsöýer, Watana wepaly nesilleri terbiýelemek işine mynasyp goşant goşup gelýär. Hormatly Prezidentimiz Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň ýurdumyzyň taryhynda möhüm wakadygyny nygtap, bu senäniň ýaş nesillerimizi täze üstünliklere, döwletli başlangyçlara hem-de belent maksatlara galkyndyrjakdygyna berk ynam bildirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ylymda, bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda üstünlikleri gazanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden Mikrobiologiýa, wirusologiýa we immunologiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijileriMawluda Babaýewa we Gülbahar Aşyrowa, Kompýuter ylymlary maglumat tehnologiýalary fakultetiniň III ýyl talyby Aýşirin Batyrowa we Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň IV ýyl talyby Aýhan Baýramow bu abraýly baýraga mynasyp bolup, degişli şahadatnamalary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar buýsanç bilen gowşuryldy.