Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary MAMA «Ene Tebigat» halkara sungat sergisine aýlanyp gördüler

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary MAMA «Ene Tebigat» halkara sungat sergisine aýlanyp gördüler

30 Oct 2026, 15:34 27

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan guralan MAMA «Ene Tebigat» halkara sungat sergisine aýlanyp gördüler.

Talyplarymyz sergide adam bilen tebigatyň sazlaşygyny, daşky gurşawy goramagyň ähmiýetini we tebigatyň gözelligini açyp görkezýän nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, dokma we amaly-haşam sungatynyň köpsanly täsirli eserleri bilen ýakyndan tanyş boldular. Halkara taslamanyň çäklerinde 11 ýurduň, şol sanda türkmen suratkeşleriniň döreden eserlerine aýratyn orun berilmegi talyplarda uly täsir galdyrdy. Sergi bilen tanyşlyk talyplarymyzyň daşky gurşawa bolan söýgüsini we ekologiýa medeniýetini ýokary götermekde, olaryň estetik terbiýesini kämilleşdirmekde hem-de medeni dünýägaraşyny giňeltmekde uly ähmiýete eýe boldy.