S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldular
Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde 16-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň işjeň, zehinli we aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolanlaryň hatarynda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary hem bar. Hususan-da, uniwersitetiň maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallymy Parahat Rejepsähedow, amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy Nury Atajanow, ekologiýa kafedrasynyň mugallymy Baýnazar Goşaýew, agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Medet Mäterow hem-de oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gala Hojageldiýew bu ýokary sylaga mynasyp boldular.
Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerine iberen Gutlagynyň okalmagy ýaşlara bildirilýän uly ynamyň we goldawyň aýdyň nyşany boldy.
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Medet Mäterow öz gazanan üstünlikleri barada gürrüň berip, ylmy gözlegleriniň netijeleri bilen buýsandy:
— Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilen gymmatly maglumatlar esasynda täze ýerli derman serişdeleriniň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak boýunça ylmy işleri alyp barýaryn. Tejribe ýyladyşhanamyzda dermanlyk ösümlikleri ösdürip ýetişdirip, olaryň esasynda ýürek-gan damar keselleriniň öňüni almaga hem-de temmäki önümlerine garaşlylygy azaltmaga gönükdirilen serişdeleri taýýarlamak boýunça gözlegler geçirýäris.
Ýaş alym birnäçe ylmy-taslama bäsleşiklerinde ýeňiş gazanyp, geçen okuw ýylynyň ahyrynda «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» diýen abraýly ada hem mynasyp bolupdy. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna eýe bolmagyň onuň ylmy işlerinde täze üstünliklere höwes döredýändigini belläp, bu sylagy uly ynam we jogapkärçilik hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan uniwersitetiň mugallymlarynyň we talyplarynyň üstünlikleri ýurdumyzyň oba hojalyk ylmynyň, biliminiň we innowasion ösüşiniň geljegine mynasyp goşant goşýan ýaş hünärmenleriň kemala gelýändigini görkezýär.
Türkmenistanyň ýaş nesline döredilýän giň mümkinçilikleriň, olaryň zähmetde, ylymda, döredijilikde we jemgyýetçilik durmuşynda gazanýan üstünlikleriniň nobatdaky beýany hökmünde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleriniň sany artýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dürli ugurlarda üstünlik gazanan 133 sany ýaş raýata bu abraýly baýrak dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.