Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Türkmenistanyň wekili ABŞ-da geçirilen halkara bilim maksatnamasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekili ABŞ-da geçirilen halkara bilim maksatnamasyna gatnaşdy

17 Nov 2026, 12:44 113

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, onuň ylmy-intellektual kuwwatyny berkitmek, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, özara tejribe alyşmaga we bilim ulgamyny dolandyrmagyň döwrebap usullaryny öwrenmäge aýratyn ähmiýet berildi.

Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 10 — 17-nji noýabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Miçigan ştatynda geçirilen «Bilim edaralaryny dolandyrmakda strategik hyzmatdaşlyk we liderlik» atly halkara maksatnama Türkmenistanyň wekili gatnaşdy.

Bu halkara çärede ýurdumyzdan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy, Gülnabat Gurdowa wekilçilik etdi.

Kabul ediji tarap hökmünde «Global Ties Detroit» guramasynyň çykyş etmeginde geçirilen halkara maksatnama Türkmenistandan, Indoneziýa Respublikasyndan, Serbiýa Respublikasyndan, Ruanda Respublikasyndan, Meksikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Bolgariýa Respublikasyndan, Filippin Respublikasyndan, Päkistan Yslam Respublikasyndan, Papua-Täze Gwineýadan hem-de Özbegistan Respublikasyndan bilim ulgamynyň dolandyryş edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara maksatnamanyň çäklerinde bilim edaralaryny strategik taýdan dolandyrmagyň döwrebap çemeleşmelerini kämilleşdirmek, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek, akademiki alyş-çalyşlaryň gerimini giňeltmek, bilim bermegiň hilini halkara ölçeglerine laýyklykda ýokarlandyrmak, şeýle hem bilim ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli guramaçylyk-hukuk mehanizmlerini ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

Halkara maksatnamanyň çäklerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Miçigan ştatynda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerine, şol sanda Lourens tehnologiýa uniwersitetine (Lawrence Technological University) iş saparlary amala aşyryldy. Saparlaryň dowamynda ABŞ-nyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary we akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda ýokary bilim ulgamyny dolandyrmagyň öňdebaryjy tejribeleri, halkara akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklarda bilim we ylym ulgamlarynyň özara baglanyşygyny berkitmäge, ýokary okuw mekdepleriniň halkara hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeltmäge, innowasion tehnologiýalary hem-de döwrebap dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, akademiki hereketliligi ösdürmek, professor-mugallymlaryň we talyplaryň özara alyş-çalyşlaryny işjeňleşdirmek, şeýle hem bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak babatda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek boýunça pikir alşyldy.

Halkara maksatnamanyň dowamynda gazanylan tejribeler Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtlaryň abraýly bilim we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek, bilelikdäki bilim we ylmy başlangyçlary ilerletmek, şeýle hem halkara akademiki gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň wekiliniň bu halkara çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmek, hususan-da, bilim, ylym we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň beýany boldy.

Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan, parahatçylyk söýüjilik, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen sazlaşykly bolup, döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge hem-de halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilen halkara maksatnama gatnaşmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek hem-de milli bilim ulgamynyň halkara giňişligindäki ornuny has-da berkitmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi