Skip to main content
Education news
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary Sian şäherindäki uniwersitetiň talyplaryna umumy okuw sapaklaryny geçdiler

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary Sian şäherindäki uniwersitetiň talyplaryna umumy okuw sapaklaryny geçdiler

17 Nov 2026, 12:40 104

2026-njy ýylyň 9–13-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Sian şäherinde «Çanýan – Rim 2026: Beýik Ýüpek ýolunda medeni we hukuk alyş-çalşygynyň hepdeligi» atly halkara forum geçirildi. Oňa Merkezi Aziýanyň, Hytaýyň we Italiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň wekiliýeti gatnaşdy.

Türkmen wekiliýetinden başga-da, foruma Demirgazyk-Günbatar Syýasy ylymlar we hukuk uniwersitetiniň (NWUPL), Daşkent döwlet hukuk uniwersitetiniň, M. O. Auezow adyndaky Günorta Gazagystan uniwersitetiniň hem-de Italiýanyň «Tor Wergata» Rim uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň esasy maksady halkara akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmekden, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan we bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybarat boldy.

Forumyň maksatnamasy resmi açylyş dabarasy bilen başlandy. Daşary ýurtly wekiliýetler üçin NWUPL uniwersitet şäherçesine gezelenç guraldy we ýokary okuw mekdebiniň taryhy muzeýi bilen tanyşdyryldy.

Forumyň çäklerinde NWUPL uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Taraplar uniwersitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini, bilelikdäki bilim we ylmy taslamalary, şeýle hem özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, Işewürlik-menejment mekdebi bilen hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Şol sanda halkara taslamalara, talyplaryň olimpiadalaryna we ylmy maslahatlaryna gatnaşmak mümkinçilikleri gözden geçirildi.

11-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary NWUPL uniwersitetiniň talyplary üçin birnäçe umumy okuw sapaklaryny geçdiler. Olar institutyň işiniň esasy ugurlary barada maglumat berdiler. Şeýle hem emeli aňyň ulanylyşy we onuň hukuk esaslary, blokçeýn tehnologiýasy, sanly aktiwler, häzirki zaman tehnologiýalarynyň işewürlikde we ykdysadyýetde ulanylyşy bilen bagly meseleler boýunça çykyş etdiler.

12-nji noýabrda forumyň çäreleri Sian şäheriniň sergi merkezinde dowam etdi. Bu ýerde Hytaýyň we Italiýanyň wekilleri öz çykyşlaryny hödürlediler. Günüň ikinji ýarymynda foruma gatnaşyjylar Sian arbitraž komissiýasyna baryp gördüler. Saparyň dowamynda wekiliýetiň agzalaryna komissiýanyň daşarky bilermenleri wezipesine bellenilendigi baradaky şahadatnamalar gowşuryldy.

13-nji noýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň wekilleri üçin Sian şäheriniň taryhy we medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdyrýan gezelenç guraldy.

Çeşmesi:Türkmenportal