Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary ählihalk bag ekmek çäresine işjeň gatnaşdylar
Hasyl toýunyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýurdumyzda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bu asylly başlangyç tebigaty goramak, daşky gurşawyň ekologik abadançylygyny üpjün etmek we ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Bilim ojagynyň wekilleri ýurdumyzda döredilýän ýaşyl zolaklaryň gerimini giňeltmäge, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen bu möhüm işe öz goşantlaryny goşdular.
Şol gün uniwersitetiň çäginde hem giň möçberli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri geçirildi. Ýokary okuw mekdebiniň işgärleri hem-de talyplary ýaşyl meýdançalary tertibe getirdiler, bar bolan baglara ideg etdiler, täze agaç nahallaryny oturtdylar. Bu çäreler bilim ojagynyň çäginiň gözelleşdirilmegine, ekologiýa medeniýetiniň kemala gelmegine ýardam berdi.
Ýurdumyzda geçirilýän bag ekmek dabaralary ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmek, tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak we «ýaşyl» ykdysadyýete geçişi üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň aýrylmaz bölegidir. «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyna» laýyklykda, tokaý hojalygyny ösdürmäge ylmy esasda çemeleşilýär, tokaý serişdelerini durnukly dolandyrmak, tokaýlary döwlet hasabyna almak ulgamyny kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Ekologiýa ugurly döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýokary bilim edaralarynyň hem aýratyn orny bar. S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk, tokaý we seýil bag hojalygy, ösümlikleri goramak ýaly ugurlar boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ulgamynda ylmy taýdan esaslandyrylan ösüşiň üpjün edilmegine hyzmat edýär.
Güýzki möwsümde oturdylýan ýaş nahallar diňe bir tebigy gözelligiň nyşany bolman, eýsem geljek nesiller üçin döredilýän ekologiýa abadançylygynyň binýadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan şeýle giň gerimli işler ýaşlarymyzy tebigata söýgi we jogapkärçilik ruhunda terbiýelemäge, durnukly ösüş ýörelgelerini pugtalandyrmaga uly mümkinçilik berýär.