Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili Halkara telekommunikasiýa birleşiginiň Doly ygtyýarly maslahatyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa birleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly maslahatynyň (PP-26) açylyş dabarasyna gatnaşdy.
2026-njy ýylyň 9–27-nji noýabry aralygynda dowam edýän we dört ýylda bir gezek geçirilýän bu halkara forumda dünýä telekommunikasiýa infrastrukturasyny giňeltmek, sanly aragatnaşyga maýa goýumlaryny çekmek, aragatnaşyk ulgamlarynyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Bu maslahata Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň direktory Ç.Hanmuhammedow hem 2026-njy ýylyň 9–11-nji noýabry aralygynda gatnaşýar. Onuň bu çärä gatnaşmagy sanly bilim ulgamynda öňdebaryjy halkara tejribelerini öwrenmäge, tejribe alyşmaga we okuw-terbiýeçilik işlerine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik döredýär.
Türkmenistanyň wekilleriniň bu halkara maslahata gatnaşmagy telekommunikasiýa we sanly tehnologiýalar ulgamynda tejribe alyşmaga, şeýle hem bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy boýunça täze mümkinçilikleri öwrenmäge ýardam edýär.
Maslahat öz işini 2026-njy ýylyň 27-nji noýabryna çenli dowam edýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi