GÜÝZKI AGAÇ NAHALLARYNY OTURTMAK MÖWSÜMI BADALGA ALDY
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça raýatlaryň ekologiýa borçlary berkidilýär. Täsin gözel tebigatymyzy goramak hem-de onuň asyl durkuny geljekki nesillere miras galdyrmak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ugrundaky köpugurly çäreler ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmekde hem aýratyn ähmiýete eýedir. Her ýyl ýaz hem-de güýz möwsümlerinde döwletimizde döwlet derejesinde guramaçylykly ýowarlar yzygiderli geçirilip, olar esasan ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işlerine gönükdirilýär.
Şu gün Lebap welaýatynda güýzki bag ekişligine badalga berildi. Ählihalk ýowaryna dürli ýaşdaky we dürli kärde zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar. Şu waka mynasybetli çärelere welaýatymyzyň köpugurly bazarynyň golaýynda, Türkmenabat-Aşgabat gara ýolunyň ugrunda dabara geçirildi. Bu ýerde bölünip berlen meýdana pürli agaçlaryň 4000-den gowragy oturdyldy. Meýilleşdirilişine görä olaryň sany 20 müňden gowrak bolmaly. Sebiti bagy-bossanlyga öwürmäge bagyşlanan ýowarlar ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda hem geçirildi. Bu dabara üçin Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň tokaý hojalygynyň welaýatdaky bölüminde ýeterlik derejede agaç nahallary ösdürilip ýetişdirildi.
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekdäki ädimlere bilim işgärleri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar her ýyl saýaly we miweli agaç nahallarynyň müňlerçesini oturdýarlar we olara yzygiderli ideg edýärler. Bag ekmek işlerine köpçülikleýin gatnaşylmagy bolsa, tebigata bolan söýgini nesilden-nesle geçirmek arkaly asylly işleriň üsti bilen ýaşlary terbiýelemekde, il-günüň agzybirligini we jebisligini dabaralandyrmakda aýratyn gymmata eýedir.
Umuman, ýurdumyzda ekologiýa babatynda durmuşa geçirilýän beýik işler, oňyn çemeleşmeler tebigatyň baýlyklaryny we gözelliklerini gorap saklamakda tutuş adamzadyň derwaýys wezipelerine goşulýan mynasyp goşantdyr. Biz hem bilim işgärleriniň öňünde duran wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramak, bu ugurdaky bildirilýän talaplary ilat arasynda wagyz etmek işlerine işjeň gatnaşýarys. Şeýle ähmiýetli çärelerde tebigaty goramagyň ähmiýetini, tebigy baýlyklaryň, bag nahallarynyň ynsan saglygyna ýetirýän peýdaly täsirlerini ýaşlara giňişleýin düşündirýäris. Bu bolsa ýaşlarda tebigata bolan söýgini has-da ardyrýar.