Перейти к основному содержанию
Новости образования
Olimp orta sport mekdebinde güýzki bag ekmek möwsümine degişli işler guramaçylykly geçirildi

Olimp orta sport mekdebinde güýzki bag ekmek möwsümine degişli işler guramaçylykly geçirildi

07 ноя 2026, 16:00 190

Bilşimiz ýaly şu gün, Garaşsyz we baky Bitarap ýurdumyzyň ähli künjeklerinde güýzki bag ekmek möwsümine badalga aldy. Diýarymyzyň tebigy gurşawynyň arassalygyny, abadançylygyny saklamak maksady bilen her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna ýurdumyzyň ýaşlary hem işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebinde hem mugallymlaryň we okuwçylaryň gatnaşmaklarynda bag ekmek we ekilen baglara ideg etmek işleri guramaçylykly geçirildi.

Güýzki bag ekmek möwsümine gatnaşan Olimp orta sport mekdebiniň mugallymlarydyr okuwçylary asylly ýörelgelere eýerip birnäçe düýp saýaly, gyrymsy we miweli bag nahallaryny ekdiler. Şeýlede öň ekilen baglaryň düýbüni ýumşatmak, arassalamak we suwarmak işleri geçirildi. Daşky gurşawy goramak, bu ugurda halkara tagallalara ýardam bermek, durnukly ösüşi gazanmak döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Geçirilýän şeýle ekologiýa çäreleriniň maksady ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň ösüşlere beslenýändigini subut edýär. Halkymyzyň aras­sa daş­ky gur­şaw­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek­ hem-de te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ gel­jek­ ne­sil­le­re has gözel görnüşde ýe­tir­mek­, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek, Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­syn­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek, Di­ýa­ry­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek bo­ýun­ça döw­le­ti­mizde uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Mälim bolşy ýaly häzirki wagtda ýurdumyzy ba­gy-bos­san­ly­ga öwürmek, birnäçe to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek, ekilen agaç na­hal­la­ry­na ta­la­ba­la­ýyk ideg et­mek boýunça uly tej­ri­beler top­lan­dy. bu ugurda agaçlary dam­ja­la­ýyn su­war­mak işleri giň gerimde ýo­la go­ýul­dy. Ekil­ýän agaç­la­ryň ýur­du­my­zyň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne ýa­ram­ly bol­ma­gy, na­hal­la­ry oturt­mak, ideg et­mek iş­le­ri­niň bel­le­nen ka­da­la­ra la­ýyk ge­ti­ril­me­gi ga­za­nyl­ýar.

Ozaldan gelýän şeýle asylly işlere halypa mugallymlaryň baş bolmagynda ýaşlaryň hem işjeň gatnaşmagy guwandyrjy ýagdaýdyr.

Güljahan AMANOWA,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport

baradaky döwlet komitetiniň “Olimp”

orta sport mekdebiniň mugallymy