Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Žurnalyň täze sany çapdan çykdy

Žurnalyň täze sany çapdan çykdy

06 Nov 2026, 17:50 137

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan 2026-njy ýylyň 5-nji sany çapdan çykdy. Şu sanda ýerleşdirilen makalalaryň köpüsiniň mazmuny Garaşsyzlyk baýramymyz bilen baglanyşykly seneler, wakalar bilen utgaşýar. Žurnalyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky çuňňur mazmunly çykyşy ýerleşdirildi. Soňra syýasy makalalara bagyşlanan sahypalarda tejribeli bilim işgärlerinden J.Gurbangeldiýewiň, I.Saparlyýewiň, M. Çaryýewiň hem-de baýry žurnalist A.Ataýewiň makalalary berildi. Bu makalalarda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda geçilen menziller, ýetilen belent sepgitler jikme-jik beýan edilýär. Milli bilim ulgamynyň özgertmeleriniň tapgyrlarynda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribeleri we innowasion tehnologiýalar asyrlardan gözbaş alýan milli terbiýe, ahlak we taryhy kökler bilen utgaşdyrylyp, nusgalyk hem-de durnukly ösüşlere eýe bolan ýoluň geçilendigi, dünýä tejribeleriniň öwrenilip, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmek maksady bilen, döwrebap bilim edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň açylandygy nygtalýar. Türkmenistanyň bilimde, ylymda, medeniýetde we sungatda, tehnologiýalarda, ykdysadyýetde kuwwatly döwlete öwrülendigi aýdylýar.

“Ylmy makalalar” atly rubrika astynda tejribeli professor-mugallymlaryň, pedagoglaryň altysynyň makalasy çap edildi. Ol makalalar Garasyz Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň netijeli ugurlary, Garaşsyzlyk ýyllarynda innowasion tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylyşy we onuň hukuk binýadynyň berkidilişi, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň demir ýol pudagynyň ösüşi, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, mugallymyň pedagogik başarnyklary we beýleki meselelere bagyşlanyp, olarda şu günüň möhüm meseleleri baradaky garaýyşlar okyjylara ýetirilýär. B.Garaýewiň “Garaşsyz Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek strategiýasynyň netijeli ugurlary” atly makalada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, köptaraplaýyn sazlaşykly ösen bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek wezipesiniň çuňňur strategik häsiýete eýe bolandygy bellenilip geçilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlara bilim-terbiýe bermek boýunça esaslandyran binýatlyk ýörelgeleriniň halkymyzyň baý mirasynda ähmiýetli orny eýeleýändigi nygtalyp, şol ýörelgeleriň häzirki günlerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigine üns çekilýär.

“Mekdebe çenli terbiýe” atly rubrikada iki sany makala ýerleşdirilip, ol makalalarda Garaşsyzlyk eýýamynyň döwrebap bilim usullarynyň biri bolan çagalaryň inkluziw ösüşi hem-de çagalar baglarynda säherlikleri geçirmegiň ähmiýeti we geçiriliş aýratynlyklary barada maglumat berilýär. Şeýle çäreleriň çaganyň akylynyň, duýgularynyň ösmegine, gyzyklanmalarynyň artmagyna, gylyk-häsiýetiniň kemala gelmegine täsir edýändigi babatdaky pedagogik pikirler aýdylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň umumybilim edaralarynda bilimiň hili we mazmuny babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. “Umumybilim berýän mekdep” atly rubrikada şol döwrebap özgertmeleri beýan edýän makalalar ýerleşdirildi. B.Gaipowa bilen A. Nuryýewanyň “Garaşsyzlyk döwrüniň ýaş nesline milli zähmet terbiýesini bermegiň tejribesinden”, J. Emirowanyň “Sanly tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak Garaşsyzlyk döwrüniň düýpli bilim özgertmesidir”, A.Bakyýewanyň “Türkmen dili sapaklarynda sanly serişdelerden we emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak” atly makalalarynda häzirki döwrüň bilim ulgamyndaky öň hatarda durýan meseleler okyjylara ýetirilýär. A.Bakyýewanyň şu makalasynda, beýleki sapaklar bilen bir hatarda, türkmen dili boýunça sapaklary hem, olaryň guramaçylyk döwründen başlap, tä ahyryna çenli bagtyýar durmuşymyz, baýramçylyk däp-dessurlarymyz bilen baglanyşdyryp, sanly serişdeleriň kömegi bilen alyp barmagyň ähmiýeti dogrusynda bellenilip geçilýär.

“Orta hünär bilimi” atly rubrikada iki sany makala ýerleşdirilip, A.Babaýewanyň makalasynda döwrebap bilim ojaklarynyň biri we onda döredilen amatly mümkinçilikler, L. Allaberdiýewanyň makalasynda bolsa Mamunyň minarasy we onuň Garaşsyzlyk ýyllarynda öwrenilişi barada söhbet edilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, okatmagyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralarynyň, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sanynyň ýylsaýyn artýandygy aýdylyp, olaryň bilim ulgamynda okatmagyň kämilleşdirilen, döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmaga, ösüp gelýän nesillerimize dünýä ülňüleriniň derejesinde bilim-terbiýe bermäge giň mümkinçilikleri döredýändigine üns çekilýär. Döwrebap bilim ojaklaryny gurmaga aýratyn ýardam berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri gahryman Arkadagymyza uzak ömür, berk jan saglyk arzuw edilýär.

“Ýokary bilim” atly rubrikada dört sany awtoryň makalasy ýerleşdirildi. Ol makalalarda häzirki döwrüň mugallymlaryndan edilýän esasy talaplar, olaryň pedagogik keşbi, halkymyzyň Garaşsyzlyk baradaky ideýalarynyň türkmen nusgawy edebiýatynda şöhlelenişi, milli şahsyýetiň garaşsyz jemgyýet bilen sazlaşykly ösüşindäki ahlak kadalary beýan edilýär. K.Öwezowyň “Garaşsyzlyk ideýalary türkmen nusgawy edebiýatynda” atly makalasynda: “Türkmen nusgawy edebiýatyna ser salnanda, Garaşsyz, özbaşdak döwlet gurmak meselesiniň beýik pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwy bolandygyna göz ýetirmek kyn däl” diýlip bellenilýär we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenilip, Watanyňy söýmek, adalatly, garaşsyz döwlet gurmak barada ençeme gymmatly pikirler okyjylara ýetirilýär. G.Orazowanyň makalasynda bolsa talyplara oba hojalygynyň ösüşiniň ykdysady netijeliligini öwretmek maksat edinilýär. Häzirki günlerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda maldarçylygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça dowam etdirilýän işler, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze maldarçylykfermalaryny we toplumlaryny gurmagyň hasabyna onuň tehnologik binýadyny ösdürmäge berilýän uly üns barada nygtalyp geçilýär. Awtor pikirlerini tablisalaryň kömegi bilen has berkidýär.

Umuman aýdylanda, žurnalyň täze çapdan çykan 2026-njy ýylyň 5-nji sanynda sanynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan bilim syýasatynyň talaplarynda innowasion esasly, dünýä tejribesine esaslandyrylyp ösdürilýän milli bilim ulgamyny, onuň ösüp gelýän ýaş nesli giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalary başarnykly dolandyrmaga ukyply, häzirki zaman özgerdişli senagat toplumlaryndan baş çykarmaga taýýar hünärmenleriň täze neslini kemala getirmekdäki ähmiýetli orny baradaky agramly makalalara giň orun berilýär. Şonuň ýaly-da, žurnalyň täze sanynyň sahypalarynda bilim işgärleriniň tutanýerli zähmeti öz beýanyny tapýar.