Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynda 2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçirildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda häzirki wagtda ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has hem ösdürilýär we giňeldilýär. 2023-nji ýylda Hytaýyň nebit uniwersiteti, 2024-nji ýylda Sian nebit uniwersiteti we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar baglaşyldy.
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylym-bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan meseleleriň biri bolup, uniwersitetde nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ylym-bilim babatda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, baglaşylan Ähtnamalaryň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Hytaýyň nebit uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda ilkinji gezek Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynda 2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçirildi.
5-nji noýabrda uniwersitetiň uly Mejlisler zalynda Halkara açyk informatika internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Hytaýyň nebit uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary çykyş edip, olimpiada gatnaşýan talyplary, olaryň ýolbaşçylaryny gutladylar we gatnaşyjylara uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdiler. Açylyş dabarasyna professor-mugallymlar, talyplar bilen bir hatarda sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we olaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
Halkara olimpiada 2 ýurdyň 4 sany nebitgaz ugurly ýokary okuw mekdeplerinden jemi 120 talyp işjeň gatnaşdylar.
Bu ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Halkara açyk informatika internet olimpiadasy ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini we ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalardan ynamly baş çykarýandygyny görkezýär.
Olimpiadada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary aýratyn tapawutlanyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan ýörite işlenilip düzülen milli programma üpjünçiliginiň kömegi arkaly toplanan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy ýeňijileri kesgitlenildi. Ýeňiji diýlip yglan edilen talyplar we toparlaýyn bäsleşigiň ýeňijileri uniwersitetiň rektory tarapyndan 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti