Перейти к основному содержанию
Новости образования
BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTLY ÝAŞLARY

BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTLY ÝAŞLARY

05 ноя 2026, 15:42 55

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda uniwersitetiň binasynda «Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Bu uly özgerişleriň, ýetilýän belent sepgitleriň baş maksady bolsa beýik geljegimiziň eýeleri bolan ýaş neslimiz bilen baglanşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, döwrebap bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy hem-de öz ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertler döredilýär. «Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary» diýen jümle diňe bir gözelligi däl, eýsem ýaşlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasatynda, ykdysadyýetinde we medeniýetinde eýeleýän möhüm ornuny aýdyň görkezýär. Berkarar Watanymyzyň parahatçylyk söýüji ýörelgelerini, milli mirasymyzy we gymmatlyklarymyzy sarpalaýan, şol bir wagtyň özünde hem sanly tehnologiýalary, ylmyň iň soňky gazanyp boljak sepgitlerini ele alýan ýaş hünärmenler eziz Diýarymyzyň kuwwatyna kuwwat goşýarlar.

Maslahatyň ahyrynda halkymyzyň abadan, asuda, parahat ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!