Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Türkmenistanyň milli pedagogik pikiriniň taryhyna bagyşlanan täze ylmy neşir çap edildi

Türkmenistanyň milli pedagogik pikiriniň taryhyna bagyşlanan täze ylmy neşir çap edildi

05 Nov 2026, 11:58 157

Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Türkmenistanda milli pedagogik pikiriň döreýiş we ösüş taryhy» atly köp jiltli neşiriň birinji jildi çapdan çykdy. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan neşir Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Milli bilim instituty, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň bilelikdäki tagallasy bilen taýýarlanyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen okuw gollanmasy biologiýa ylymlarynyň doktory S.K. Durdyýewiň ylmy redaksiýasy bilen neşir edildi. Kitap türkmen halkynyň milli terbiýeçilik däplerini, ruhy mirasyny we pedagogik garaýyşlaryny ylmy esasda öwrenmäge gönükdirilen giň gerimli işleri täze mazmun bilen baýlaşdyrýar.

Neşirde iň gadymy döwürlerden XVI asyra çenli Türkmenistanda pedagogik pikiriň kemala gelişiniň esasy tapgyrlary, bilim ojaklarynyň emele gelşi hem-de ýaş nesli okatmak we terbiýelemek boýunça emele gelen tejribeler giňişleýin seljerilýär. Gollanmanyň mazmuny taryhy-medeni ýadygärliklere, arheologik tapyndylara, ýazuw çeşmelerine, halk döredijiliginiň nusgalaryna hem-de etnopedagogik maglumatlara daýanýar.

Iki bapdan, on bir bölümden we otuz bölümçeden ybarat bolan neşirde Gadymy Parfiýa hem-de Göktürkmen döwletlerindäki pedagogik garaýyşlar, orta asyrlarda bilim ulgamynyň ösüşi, «Oguznama», «Gorkut ata» we «Görogly» ýaly milli mirasyň nusgalarynda beýan edilen terbiýeçilik ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Şeýle hem Gündogaryň beýik akyldarlarynyň ylym, bilim we terbiýe baradaky garaýyşlaryna, «Kowusnama» eseriniň pedagogik ähmiýetine aýratyn üns berilýär.

Neşir ylmy işgärler, mugallymlar, aspirantlar, talyplar hem-de milli pedagogik miras bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Kitapda ýerleşdirilen suratlar, çyzgylar we kartalar taryhy maglumatlaryň has aýdyň özleşdirilmegine ýardam edýär.

Täze neşir türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen bilim we terbiýeçilik däplerini ylmy taýdan öwrenmekde möhüm çeşme bolup, milli pedagogik mirasyň häzirki zaman bilim ulgamyndaky ornuny we ähmiýetini giňden açyp görkezýär.