Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

03 Nov 2026, 11:53 193

2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine bagyşlandy. Duşuşygyň esasy maksady Döwlet maksatnamasynyň many-mazmunyny ýaşlara giňden düşündirmekden, ýaşlaryň arasynda ýüze çykyp biljek hukuk bozulmalarynyň, adam söwdasynyň, dürli hukuk tertibiniň bozulmalarynyň we beýleki ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almakdan ybarat boldy. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda janyna kast etmek ýaly hereketleriň öňüni almakda düşündiriş we terbiýeçilik işleriniň ähmiýeti, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek ýaly meseleler barada bellenildi. Duşuşygyň dowamynda ýaşlaryň psihologik ýagdaýyna üns bermek, olara zerur psihologik goldawy bermek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak ýaly ugurlaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şeýle hem ýaşlaryň Watana wepaly, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly we jemgyýetçilik jogapkärçiligine düşünýän şahsyýetler bolup ýetişmeginiň möhümdigi bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösüşi we bagtyýar geljegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.