Skip to main content
Education news
BILIM ULGAMYNDAKY HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ ÇÄGINDE TÄZE NEŞIR EDILEN OKUW GOLLANMALARY

BILIM ULGAMYNDAKY HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ ÇÄGINDE TÄZE NEŞIR EDILEN OKUW GOLLANMALARY

02 Nov 2026, 19:39 134

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda milli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň ýokary hilli döwrebap bilim almaklary we mynasyp terbiýelenmegi üçin ähli amatly şertler döredilýär. Milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady hem-de ylmy-usulyýet üpjünçiligi yzygiderli pugtalandyrylýar. Öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we ony ýurdumyzyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Okuw mekdepleri üçin zerur bolan dersler boýunça döwrebap okuw kitaplaryny, gollanmalaryny, okuw-görkezme esbaplaryny, sanly okuw serişdelerini taýýarlamak we köpçülikleýin neşir etmek işleri yzygiderli ýola goýulýar.

Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet federal mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda baglaşylan Ylalaşygyň çäginde russiýaly we türkmenistanly pedagogik işgärler, usulyýetçi alymlar tarapyndan ýurdumyzyň bilim edaralary üçin aşakdaky 7 sany okuw serişdeleri işlenip taýýarlandy we neşir edildi.

Olaryň birinjisi «Sanly bilim gurşawynda pedagogyň ösdürmäge ulgamlaýyn çemeleşmek» (Системный подход к развитию компетентности педагога в цифровой образовательной среде) atly rus dilinde neşir edilen ylmy monografiýa (awtorlary: Filatowa Z.M., Durdyýew S.K., Zaripowa R.S., Galimowa E.H.).

Bu monografiýanyň mazmuny girişden, üç bölümden we ýigrimi bölümden, jemlemeden,peýdalanylan edebiýat çeşmeleriniň sanawyndan durýar.

Monografiýada häzirki zaman jemgyýetinde bilimiň sanly transformasiýasy şertlerinde pedagogik işgärleriň hünär başarjaňlygyny kemala getirmegiň toplumlaýyn jähtlerine seredilip geçilýär. Onda pedagogik ussatlygy kämilleşdirmegiň gurallary toplumlaýyn esasda çemeleşmek arkaly hemmetaraplaýyn seljerilýär. Sanly bilim gurşawynyň üýtgäp durýan şertlerine mugallymlaryň uýgunlaşmasynyň aýratynlyklary açylyp görkezilýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen mugallymlaryň sanly başarnyklaryny kämilleşdirmegiň milli kadalaryny işläp taýýarlamak, öwrenmegiň innowasion usullary, şol sanda uzak aralykdan bilim bermek tehnologiýalary arkaly okatmagyň usulyýeti boýunça dünýä we milli tejribede gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri yzygiderli öwrenmek boýunça işleri dowam etmek ýaly wezipeleri amala etmekde bu monografiýanyň möhüm orny bar.

Monografiýa ylmy-pedagogik işgärlere, pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynyň hünärmenlerine, bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylýan zamanasynda pedagoglaryň hünär taýdan ösüşiniň wajyp meseleleri bilen gyzyklanýan okyjylara niýetlenen.

Russiýaly we türkmenistanly pedagogik işgärleriň bilelikde işläp taýýarlan we köpçülikleýin neşir edilen täze okuw serişdeleriniň ýene biri hem «Bilimiň sanlylaşdyrylýan şertlerinde okuw işini guramagyň netijeli usullary. Mugallymçylyk işinde häzirkizaman meýiller we innowasion tejribe» (Эффективные методы организации учебного процесса в условиях цифровизации образования. Современные тенденции и инновационные практики в преподавательской деятельности)» diýlip atlandyrylýan okuw-usuly gollanmadyr (awtorlary: H.G. Hakimowa, B.B. Bäşimow, S.K. Durdyýew).

Okuw-usuly gollanmanyň mazmuny sözbaşyda, girişden, on üç bölümden, goşundylardan durýar.

Türkmenistanyň pedagogik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamy ‒ mugallymçylyk ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetleriniň mugallymlary, şeýle hem-de Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň hünärmenleri we diňleýjileri niýetlenen bu okuw-usuly gollanmada bilimiň sanlylaşdyrylýan şertlerinde okuw işini taslamagyň we guramagyň usullary barada gymmatly maglumatlar beýan edilen. Okuw-usuly gollanmada häzirkizaman bilim tehnologiýalary, okatmagyň işjeň we interaktiw usullary, sanly fasilitasiýa, emeli aňy peýdalanmak, bahalandyrmak, akademiki dogruçyllygyň meseleleri barada gürrüň berilýär. Esasy üns usuly çözgütleri Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň şertlerine uýgunlaşdyrmaga we oflaýn-mümkinçiligi peýdalanmaga gönükdirilen. Nazary mazmunly düzgünler amaly ýumuşlar, keýsler, tankydy bahalandyrmak we usuly maslahatlar bilen sazlaşykly utgaşyklykda beýan edilen.

Okuw-usuly gollanma «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem-de «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmekde pedagogik işgärlere ýakyndan kömek eder.

Bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň çäginde täze neşir edilen okuw gollanmalarynyň ýene biri-de, «Hünär biliminiň inklýuziw jähtleri» (Инклюзивные аспекты профессионального образования) atly okuw-usuly gollanmadyr (awtorlary: T.W. Garnyşewa, B.B.Bäşimow, G.A. Hakimowa, S.K.Duirdyýew, B.H.Kurbanow).

Onuň mazmuny girişden, alty bapdan, goşundylardan, adalgalaryň sözlüginden ybarat. Okuw-usuly gollanma pedagoglar we mugallymçylyk ugurly okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen.

Okuw-usuly gollanmada saglyk mümkinçiligi çäkli bolan okaýanlara hünär bilimini bermegiň hukuk kadalaşdyryjy esaslary beýan edilen. Onda Türkmenistanda inklýuziw bilimiň hukuk esaslaryna aýratyn orun berilýär. Şeýle-de, mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdeplerinde inklýuziw bilimiň nusgalaşdyrylyşy, saglyk mümkinçiligi çäkli bolanlar bilen okuw işini guramagyň nusgasy, sanly tehnologiýalary peýdalanmak bilen talyplarda inklýuziw medeniýetiň kemala getirilişi we ösdürilişi, okaýanlaryň dürli toparlary (saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan, aýratyn zehinli çagalar) bilen işlemek üçin hünärmenleriň taýýarlanylyşy (Türkmenistanyň tejribesi) barada gymmatly maglumatlar beýan edilen.

Russiýaly we türkmenistanly pedagogik işgärler tarapyndan bilelikde işlenilip taýýarlan we neşir edilen «Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça 1-4-nji synplar üçin iş depderleri» (Основы жизнедеятельности. Рабочие тетради для 1-4 классов) atly toplum (awtorlary: G.R. Ahkiýamowa, A.R. Hakimowa, S.K. Durdyýew) hem möhüm ähmiýete eýedir.

«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlara we wezipelere ‒ başlangyç synplarda okuwçylara bilim we terbiýe bermek işiniň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça usuly gollanmalary, okuwçylaryň ýaş-psihologik we fiziologik aýratynlyklaryny nazarda tutup, innowasion okuw kitaplaryny taýýarlamak boýunça wezipä aýyklykda işlenilip taýýarlanylan we neşir edilen bu okuw serişdelerinde başarjaňlyk çemeleşmesine esaslanýan gyzykly ýumuşlar beýan edilen.

Söhbeti edilýän okuw iş depderlerinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» öz beýanyny tapan möhüm wezipäni – umumybilimiň başlangyç bilim derejesinde okadylýan okuw dersleriniň (ýaşaýyş-durmuş esaslary dersiniň) mazmunynyň özleşdirilişinde gazanylýan oňyn netijeleriň okuwçylara esasy orta bilimiň bilim maksatnamalary boýunça okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik bermegine ünsi güýçlendirmek wezipesine aýratyn orun we ähmiýet berildi. Şeýle-de, bu okuw serişdelerinde okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän ulgamlaýyn işlerde täze maglumatlary ýaş nesliň aňynda öňden bar bolan düşünjeler bilen baglanyşdyrmak, okuw maglumatlaryny böleklere bölüp, kem-kemden beýan etmek, özleşdirilen bilimleri yzygiderli ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipelere-de möhüm ähmiýet berildi.

Ýeri gelende bellesek, bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň çäginde türkmenistanly pedagogik işgärleriň we usulyýetçi alymlaryň russiýaly kärdeşleri bilen bilelikde işläp düzen hem-de täze neşir edilen okuw serişdeleri, okuw-usuly gollanmalary bilen şu ýylyň 21-27-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň guramaklarynda hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet federal mugallymçylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň alyp barmagynda Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň döwrebap binasynda ýurdumyzyň bilim işgärleri üçin geçirilen hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlaryň diňleýjileri, Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyplary bu bilim ojagynyň kitaphanasynda guralan ýörite serginiň üsti arkaly ýakyndan tanyşdyryldy. Şeýle hem, usuly-amaly okuwlarda ýurdumyzyň pedagogik işgärlerine täze neşir edilen okuw serişdeleri, okuw-usuly gollanmalary okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmagyň usullary barada usuly maslahatlar berildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň guramaklarynda hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet federal mugallymçylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň alyp barmagynda Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň döwrebap binasynda ýurdumyzyň bilim işgärleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlaryň geçirilen günlerinde Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet federal mugallymçylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary 2027-nji ýylda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän işler, şol sanda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäginde bilelikde çapa taýýarlanyljak we neşir ediljek okuw serişdeleri barada hem özara pikir alyşdylar, tekliplerini beýan etdiler.

Sapargeldi DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň

bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş

bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň

doktory, dosent