Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary göçme okuw sapagyny geçirdiler
Ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy-barlag institutlaryň, ylmy-barlag merkezleriň aragatnaşygyny pugtalandyrmak, okuw we ylmy-barlag işleri boýunça gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň binýadynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýöriteleşdirilen binýatlyk kafedralary döredildi.
Uniwersitetiň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň “Senagat ekologiýasy” ýöriteleşdirilen binýatlyk kafedrasy Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Merkezi barlaghanasynyň we Daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalary barlaghanasynyň binýadynda döredildi.
Ýaş hünärmenleri taýýarlamakda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň häzirki zaman ösen derejesinde hem-de ylmy esaslarda bilim bermeklige eýerip, ýokary derejeli hünärmenleriň ukybyny we tejribesini ulanmagyň ähmiýetini nazara alyp, taraplaryň ylmy mümkinçiliklerini utgaşykly alyp barmak we peýdalanmak; ýaş hünärmenleri taýýarlamakda Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň ylmy mümkinçiliklerini peýdalanmak; ýaş hünärmenlere ýokary bilimiň berlişini ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary (innowasiýalar) esasynda kämilleşdirmekden Binýatlyk kafedranyň döredilmeginiň esasy maksatlaryndan ybarat bolup durýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň professor-mugallymlary hem-de bu kafedrada taýýarlanylýan “Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak” hünärinde okaýan talyp ýaşlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda göçme okuw sapagyny yzygider geçirýäler.
Bu göçme okuw sapagynyň maksady Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň tejribehanalarynda alnyp barylýan ylmy-barlaglar bilen talyplaryň nazary bilimleri bilen baglanyşdyrmakdan ybaratdyr. Talyplar Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň düzümi, tejribehanalary we ýerine ýetirilýän ylmy işleriniň umumy häsiýetnamalary we netijeleri bilen tanyşýarlar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti