Skip to main content
Education news
«Ene tebigat» atly halkara sergisine Türkmenistanyň Gahrymany, ussat halypa Saragt Babaýewiň şägirtleri bilen gezelenç syýahaty

«Ene tebigat» atly halkara sergisine Türkmenistanyň Gahrymany, ussat halypa Saragt Babaýewiň şägirtleri bilen gezelenç syýahaty

31 Oct 2026, 11:14 135

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan «Ene tebigat» atly halkara sergisiniň dabaraly açylyşy boldy.

Bu sergi adamzadyň hem-de janly tebigatyň özara aýrylmaz arabaglanyşygyny emele getirmek bilen, ýaşaýan ajaýyp dünýämizi gorap saklamakdaky jogapkärçiligimizi häzirki zaman sungatynyň çeper dili arkaly açyp görkezýän halkara taslamasy bolup durýar. Ynsan ýaşaýşynyň esasy çeşmesi bolup çykyş edýän tebigat durmuş hakykatynyň gatnaşygyny açyp görkezýär. Tebigat diňe bir janly ekoulgam bolmak bilen çäklenmän, eýsem ýatlamalaryň, medeniýetiň, özboluşlylygyň we ynsan tejribesiniň hazynasy hökmünde hem açylyp görkezilýär.

«Ene tebigat» atly halkara sergisi mundan öň dünýäniň birnäçe döwletlerinde Azerbaýjanda, Bahreýnde, Italiýada, Beýik Britaniýada, Gruziýada, Germaniýada, Albaniýada, Şweýsariýada, Latwiýada we Ispaniýada görkezildi. Bu halkara taslama Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde üstünlikli dowam edýär.

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň uly mugallymy Saragt Babaýewiň öz şägirtleri bilen «Ene tebigat» atly halkara sergisine gezelenç syýahaty gurnaldy. Bu sergide şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ugurlarynda ýerine ýetirlen eserleriň ählisi barada ussat halypa heýkeltaraş mugallym Saragt Babaýew öz şägirtlerine giňişleýin maglumat berdi. Sungat eserleriniň ýerine ýetiriliş stilleri dogrusynda, suratkeşleriň döredijilik pikirleriniň nyşanalyk äheňleri esasynda çözülen her bir taslamanyň aýratynlygy barada gyzykly gürrüňlerini ýaşlara ýetirdi. Dünýä sungatynyň taryhy barada umumy düşünje berdi.

Şekillendiriş sungatynyň heýkeltaraşlyk ugrunda ýerine ýetirilen taslama eserleriniň çeperçilik çözgüdi barada beren gürrüňleri talyp ýaşlarda has-da täsir galdyrdy. Bu döredilen eserleri synlamak bilen talyp ýaşlaryň, öz hünärleri boýunça enä hem-de tebigata bagyşlap täze döretjek eserlerine ylhamy artdy. Ussat halypamyzyň şägirtleri bilen amala aşyran syýahatynda, mukaddes Watan, ene toprak barada beýan eden gürrüňleri talyp ýaşlarymyzda gözel tebigatymyza, daşky gurşawa sarpa goýmagyň belent nusgasyny görkezdi.

Bilbil ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

Ylym bölüminiň başlygy