Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy hem-de Talyplar saglyk öýüniň lukmanlary bilen bilelikde “Il saglygy – ýurt baýlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Halkymyzyň we her bir raýatynyň saglygy baradaky alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak hem-de berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda belent sepgitlere ýetdi we uly üstünlikler gazanyldy.
Gahryman Arkadagymyz “Adamyň saglygy – bu şahsy baýlygy, halkyň saglygy – bu döwletiň baýlygy” diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmek üçin zerur çäreleriň durmuşa geçirmegi üçin ähli şertler döredýär. Hassahanalaryň, Halkara Merkezleriň açylyp ulanmaga berilmegi muňa aýdyň subutnama bolup durýar. Ýöne saglygy gorap saklamak babatynda her bir adamyň öz şahsy jogapkärçiliginiň bardygyny asla unutmaly däldir.
Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işleri üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara edýän ynamyny ödemegi, gowy okamagy, ezber hünärmenler bolup, gelejekde ýurdumyzy ösdürjek ýaşlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler we ýaşlaryň sagdyn ruhly, berk bedenli we ylymly-bilimli bolmaklary üçin edýän aladalaryna talyplaryň adyndan sag bolsun aýtdylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti