Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýaş alymlary Belarus Respublikasynda geçirilen halkara ylmy foruma gatnaşdylar
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýaş alymlary 2026-njy ýylyň 13-15-nji oktýabry aralygynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilen «Ýaşlar ylymda – 2026» atly halkara ylmy foruma gatnaşdylar. Belarus Milli Ylymlar Akademiýasynyň guramagynda geçirilýän bu giň gerimli çäre ýaş alymlara öz innowasion gözleglerini, ylmy netijelerini halkara derejesinde görkezmäge, lukmançlykyda emeli añy täsirli ulanmaga täze tejribeleri alyşmaga hem-de özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge giň mümkinçilik döretdi.
Ýaş alymlarymyzyň lukmançylygyň möhüm ugurlary, hususan-da, lukmançylyk biliminde we bejeriş işinde emeli aňy peýdalanmak hem-de döwrebap ylmy gözlegleriň netijeleri boýunça çykyşlary gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Saparyň çäklerinde tejribe alyşyldy we geljekki özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti