Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
ÝURDUMYZYŇ BILIM IŞGÄRLERINIŇ USULY-AMALY DÖWLET MASLAHATY GEÇIRILDI

ÝURDUMYZYŇ BILIM IŞGÄRLERINIŇ USULY-AMALY DÖWLET MASLAHATY GEÇIRILDI

27 Oct 2026, 10:20 88

2026-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda ‒ mekdep okuwçylarynyň güýzki dynç alyş günlerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň guramaklarynda ýurdumyzyň bilim işgärleriniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň guralyşyny kämilleşdirmegiň wezipeleri» atly usuly-amaly döwlet maslahaty geçirildi.

Usuly-amaly döwlet maslahata ýurdumyzyň bilim işgärleriniň 300-e golaýy gatnaşmaga isleg bildirdiler. Olar bilim edaralarynda – umumybilim berýän orta mekdeplerde, orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde, çagalar üçin mekdepden daşary goşmaça bilim edaralarynda zähmet çekýän pedagogik işgärlerdir.

Usuly-amaly döwlet maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň döwrebap binasynyň mejlisler otagynda bolup geçdi. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň täze başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, täze we döwrebap bilim edaralaryny gurup, ulanmaga bermek, bilim ulgamynyň ylmy-usulyýet üpjünçiligini kämilleşdirmek, halypaçylyk işini ösdürmek, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni ylym-bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giň gerimli ösdürmek, bilim işgärleri üçin döredilýän ýokary amatlyklar babatynda durmuşa geçirilýän tutumly işler barada buýsançly söhbetler edildi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar ‒ Watanyň daýanjy» atly nusgalyk kitabynda: «Mugallymlarymyzyň döredijilikli zähmeti biziň bilim ulgamynda amala aşyrýan üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Berkarar döwletimiziň bilim ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, watansöýüji nesli terbiýelemekde, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrmakda mugallymlaryň, bilim işgärleriniň aýratyn hyzmaty bardyr» diýip, pedagogik işgärleriň nesil terbiýesinde alyp barýan işlerine ýokary baha berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sözleri bilim işgärlerini täze döredijilik gözleglerine, ýokary netijeli zähmete ruhlandyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ‒ bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar bilen geçýän şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda eden çykyşynda: «Mugallym okuwçylaryň durmuşynda yz galdyrýan halypadyr. Şoňa görä-de, mugallym hemişe öz bilimini artdyrmaga çalyşmalydyr. Döwrüň talaplaryna laýyk täze usullary öwrenip, hünär derejesini kämilleşdirmelidir» diýen gymmatly maslahatlary we sargytlary ýurdumyzyň bilim işgärleriniň nesil terbiýesindäki jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrýar.

Usuly-amaly döwlet maslahatynyň umumy mejlisinde edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda eden taryhy çykyşyndan halypaçylyk işini kämilleşdirmek boýunça gelip çykýan wezipeler, türkmen jemgiýetinde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň taryhy kökleri we häzirki zaman ýörelgeleri, milli bilim ulgamynda ýaş pedagoglar bilen halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde pedagogyň hünär medeniýetiň orny we ähmiýeti, Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly nusgalyk romanynda halypa mugallym Berdimuhammet Annaýewiň ýalkymly keşbi, bilim edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramagyň usulyýeti we ýörelgeleri hem-de bu möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygyň we innowasion tehnologiýalaryň orny, mugallymçylyk işinde halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramakda toplanylan öňdebaryjy tejribeler, umumybilim edaralarynda halypa pedagoglaryň halypa-şägirt gatnaşyklaryndaky orny we hyzmatlary, umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň «Öz-özüňi kämilleşdirmek» depderini ýöretmekleriniň ylmy-usulyýet aýratynlyklary, mekdebe çenli bilimden başlangyç bilime geçiş döwrüniň pedagogik-psihologik esaslary we onda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň orny barada täsirli söhbetler edildi.

Usuly-amaly döwlet maslahatyň umumy mejlisi tamamlanandan soňra, onuň işi aşakdaky dört bölümde dowam etdirildi:

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgalyk kitaplarynda bilim-ylym ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ornunyň we ähmiýetiniň beýany.

2. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýaş terbiýeçiler hem-de başlangyç synplarda täze işe başlan mugallymlar bilen halypa-şägirt gatnaşyklarynyň guralyşy.

3. Umumy orta bilim berýän mekdeplerde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň guralyşynyň usulyýet aýratynlyklary.

4. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halypaçylyk işiniň guralyşynyň

usulyýet aýratynlyklary.

Usuly-amaly döwlet maslahatynyň «Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgalyk kitaplarynda bilim-ylym ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ornunyň we ähmiýetiniň beýany» atly birinji bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk edebi eserlerinde halypa-şägirt ýörelgesiniň çeper beýany, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgalyk kitaplaryny ýol görkeziji çeşme hökmünde bilim-ylym ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny berkitmekde peýdalanmagyň usullary we usulyýet tärleri, Gahryman

Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndaky tebigat baradaky maglumatlary halkara bilim maksatnamalarynyň (PISA, TIMSS, PIRLS) görkezijilerine laýyklykda, okuwçylaryň tebigy bilimler babatdaky sowatlylygyny

kämilleşdirmekde peýdalanylyşy, alym Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” romanynda hünär we miras öwrenmekde halypa sarpasy, ilhalar ynsan, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň pedagogik garaýyşlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada gyzykly çykyşlar edildi.

«Mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýaş terbiýeçiler hem-de başlangyç synplarda täze işe başlan mugallymlar bilen halypa-şägirt gatnaşyklarynyň guralyşy» atly ikinji bölümde çykyş eden pedagogik işgärler öz çykyşlarynda mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň terbiýeçileriň hünär ussatlygyny ösdürmekdäki orny, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdeplerinde ýaş terbiýeçiler bilen halypaçylyk işiniň guralyşy we olary kämilleşdirmegiň usullary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň guralysynyň öňdebaryjy iş tejribesi, umumy orta bilim berýän mekdeplerde ýaş başlangyç synp mugallymlary bilen halypaçylyk işini guramagyň öňdebaryjy tejribesi, mekdepde tebigy ugurly ders mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmekde halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýollary, çagalar bakja-bagynda halypaçylyk işini kämilleşdirmekde okuw-usuly gollanmalaryň we milli halk döredijiliginiň orny, ýaş mugallymlary durmuşa taýýarlamakda halypa mugallymlaryň durmuş ýoluny we mugallymçylyk tejribesini beýan etmegiň usullary, mekdebe çenli terbiýede we başlangyç bilimde halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramagyň derwaýys wezipeleri hem-de olary kämilleşdirmegiň ýollary barada nygtap bellediler.

Usuly-amaly döwlet maslahatynyň «Umumy orta bilim berýän mekdeplerde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň guralyşynyň usulyýet aýratynlyklary» diýen üçünji bölüminde çykyş eden bilim işgärleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramagyň we kämilleşdirmegiň möhüm wezipeleri, bilim ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ösmeginde maşgalanyň orny, mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň pedagogik mirasynda halypa-şägirt gatnaşyklary,

umumy bilim berýän orta mekdeplerde halypaçylyk işiniň guralyşy we kämilleşdirilişi, orta mekdeplerde ýaş mugallymlar bilen halypaçylyk işini guramagyň öňdebaryjy tejribesi, ýaş pedagogyň bilim edaralarynda hünärine girişmegini öwretmekde halypanyň orny, mekdepde pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň derwaýys wezipeleri: milli tejribe, innowasion ösüş boýunça işleriň guralyşy, ýaş hünärmenler bilen halypa-şägirt gatnaşyklarynda «Kämilligiň çägi ýok» diýen temada çekişmeleri gurmagyň ähmiýeti, mugallymçylyk kärine söýgi döreden halypanyň orny, wezipä täze bellenen mekdep ýolbaşçylary bilen halypaçylyk işini guramagyň milli we halkara tejribesi, umumybilim berýän orta mekdeplerde halypa-şägirt gatnaşyklaryny talabalaýyk ýola goýmakda mekdep usuly birleşmeleriň öňünde durýan wezipeler, okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramagyň netijeli usullary, orta mekdeplerde hünär ugurly okuwlar guralanda halypaçylyk işiniň ýola goýluşy, türkmen halk nakyllarynyň we atalar söziniň mysalynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň ýollary hakynda gyzykly söhbetleri etdiler. «Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halypaçylyk işiniň guralyşynyň usulyýet aýratynlyklary» atly dördünji bölümde çykyş eden pedagogik işgärler bolsa mugallymyň hünär-mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň esasy ýollary we şertleri, ýaş pedagoglaryň hünär taýdan kemala gelmeginde halypaçylyk goldawynyň netijeliligi we oňa döwrebap çemeleşmeler, türkmen etnopedagogikasynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ahlak-etiki ýörelgeleri, bilim ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda mugallymyň hünär etikasynyň orny, öwreniji mugallymlaryň hünär taýdan kemala gelmeginde halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň pedagogik ähmiýeti, ýaş hünärmenlerde ussat halypalaryň çeken asylly zähmetine, geçen durmuş ýoluna hormaty we söýgini döretmegiň ýollary, pedagogik nazaryýetde we tejribede halypaçylygyň tutýan orny, halypa-şägirt gatnaşyklarynda emosional goldawyň psihologik ähmiýeti, pedagogik işgärleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmakdaky halypa-şägirt gatnaşyklarynyň psihologik düzüjileri, ussat halypalaryň baý iş tejribesini ylmy-usulyýet esasda öwrenmegiň hem-de okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmagyň zerurlygy, halypa pedagoglaryň döredijilik mirasyndaky öwüt-ündewler we olaryň döwrebaplygy, pedagogik işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmekde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň derwaýys wezipelerinde innowasion usulyýetleri özleşdirmek, mugallymyň hünär derejesini ýokarlandyrmakda «Scaffold» guralyndan peýdalanmagyň netijeli ýollary barada gyzykly çykyşlary etdiler, özara pikir we tejribe alyşdylar.

Usuly-amaly döwlet maslahatyna gatnaşan bilim işgärleri Lebap welaýatynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň halypaçylyk işi boýunça taýýarlan işleriniň, okuw-görkezme esbaplarynyň hem-de zehinli mekdep okuwçylarynyň döredijilik işleriniň sergisini synladylar, öz kärdeşleri bilen pikir alyşdylar. Şeýle hem, usuly-amaly döwlet maslahatyna gatnaşyjylar Saýat etrabynyň Haýyt Borjakow adyndaky 23-nji orta mekdebinde bolup, bu bilim ojagynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň guralyşynyň iş tejribesi bilen ýakyndan tanyşdylar. Eneden doglanyna şu ýylyň güýzünde 100 dolan halk mugallymy, ussat halypa, başarjaň guramaçy H.Borjakowyň mekdepde döredilen mugallymçylyk mirasynyň muzeýinde hem bolup, ondaky sergilikleri synladylar. Ussat halypanyň ömür ýoluna we baý mugallymçylyk mirasyna degişli gymmatly resminamalary, golýazmalary, fotosuratlary synladylar.

Usuly-amaly döwlet maslahatyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly nusgalyk kitabynda beýan eden: «Öwrenmek, bilmek durmuşyň bütin dowamynda saňa örän gerek. Sen näçe okumyş, erjel hem bolsaň, her bir ugruň hem öz tapylgysyz ussatlarynyň bardygyny unutma! Olara hut şonuň üçin hem sarpa goýmagy başar. Sebäbi her bir işde ussatlyga ýetmek, uçursyz uly zehiniň we yhlasyň, ukybyň miwesidir» diýen gymmatly sargytlaryna we maslahatlaryna eýerip, geljekde hem bilim edaralarynda halypaçylyk işini has-da kämilleşdirmek babatynda halal we döredijilikli zähmet çekmegiň zerurdygyny aýratyn nygtap bellediler.

Usuly-amaly döwlet maslahatyna gatnaşan pedagogik işgärler ýürek sözlerini we alkyşlaryny beýan edip, öz çykyşlarynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebap ösdürmekde, halypaçylyk işini döwrümiziň ýokary talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmekde döredip berýän ýokary şertleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdyp, uzak ýaş, berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli we döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle ýokary hilli döwrebap bilim-terbiýe bermekde milli bilim ulgamynda halypa-şägirtlik ýörelgesini has-da kämilleşdirmekde, türkmen jemgyýetinde mugallymyň we mugallymçylyk käriniň abraý-mertebesini ýokarlandyrmakda mundan beýläk-de tutanýerlilik bilen, yhlasly we döredijilikli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Sapargeldi Durdyýew,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň

bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş

bölüminiň müdiri biologiýa ylymlarynyň

doktory, dosent