Skip to main content
Education news
"Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at myradyň mekany" ýylynda mekdep okuwçylarynyň güýzki dynç alyş günleriniň gyzykly  geçmekligi üçin dürli çäreler, gezelençler  gurnalýar.

"Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at myradyň mekany" ýylynda mekdep okuwçylarynyň güýzki dynç alyş günleriniň gyzykly geçmekligi üçin dürli çäreler, gezelençler gurnalýar.

24 Oct 2026, 10:59 70

Ynha bugün hem Bereket etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň agzybir okuwçylary bilen bilelikde tebigatyň iň ajaýyp pursatlaryna baý bolan dynç alyş günlerinde gözelligiň mekany bolan Ejeri jülgesine gezelenç gurnadyk. Bu gezelenç ählimiziň ýüregimizde öçmejek täsirleri we uly buýsanç duýgusyny galdyrdy.

Ejeri çeşmesiniň suwy Ýer astynyň çuňluklaryndan döräp çykýandygy sebäpli onuň subtermal (ýyly) we mineral maddalara baý bolan, dertlere dermanlyk häsiýeti bardyr.Ejeri jülgesiniň Suwunyň esasy häsiýeti, suwy gowşak minerallaşan bolup, sulfatly-hlorly-natrili subtermal (ýyly) çeşmeleriň hataryna girýär. Çeşmäniň bir litr suwunda 8 milligramdan gowrak kükürtli wodorod gatyşygy bolup,ýiti we özboluşly ysy hem bar, şeýle-de suw özüniň düzüminde hut kükürt maddasynyň barlygy bilen tapawutlanýar.

Şeýle-de gezelenjiň dowamynda okuwçylarymyzyň gözlerindäki hyjuwy, Watanyň al-ýaşyl bürenen tebigatyna bolan söýgüsini hem-de agzybirligini görmek biz üçin uly bagt boldy. Ýaş nesliň kalbynda öz gözbaşy topragyna, beýik daglaryna we çeşme-baglaryna bolan buýsanjyň barha artýandygyna ýene bir gezek göz ýetirdik. Şeýle gözel tebigatda ýaşlaryň dünýägaraşyny giňeltmäge, dostlygy berkitmäge we dynç almagyna döredilip beren beýik mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahraman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyñ 22-nji orta

mekdebiniň biologiýa mugallymy Täzegül Orazberdiýewa