Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Aşgabatda köpdilli bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda köpdilli bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

22 Oct 2026, 17:44 217

2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabatda «Merkezi Aziýada we Mongoliýada köpdilli bilim arkaly sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim ulgamyna jogapkär ministrleriniň tegelek stoly geçirildi.

Çärä sebit ýurtlarynyň wekiliýetleri, ÝHHG-niň wekilleri we halkara bilermenler gatnaşdylar. Gatnaşyjylar köpdilli bilim ulgamyndaky milli tejribelerini paýlaşyp, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, pedagogik işgärleri taýýarlamak we sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garadylar.

Köpdilli bilim boýunça halkara tejribesine, okuw serişdelerini işläp taýýarlamaga we bilim netijelerine baha bermäge aýratyn üns berildi. Mekdebe çenli we başlangyç bilim derejelerinde köpdilli bilimi ösdürmek, şeýle hem mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň Täjigistanyň bilim ministri, şeýle hem Özbegistanyň bilim ministrleriniň orunbasarlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.