Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE SÖZLÜK NEŞIR EDILDI

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE SÖZLÜK NEŞIR EDILDI

21 Oct 2026, 17:41 159

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň täze başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni ylym-bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk giň gerimli ösdürilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösüşiň täze derejelerine çykarmak, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň hilini yzygiderli kämilleşdirmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige we durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrmak, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamak babatda uly işler alnyp barylýar.

Türkmenistan döwletimizde döwrüň ösen talaplaryndan ugur alnyp, döwrebap ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär, olar dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen kompýuterler, barlaghana enjamlary, elektron kitaphanalar, şeýle hem internet ulgamy, sanly aragatnaşyk bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar we döwrebap okuw kitaplary, okuw gollanmalary yzygiderli taýýarlanylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylmagy bilen şol ugurlara degişli sözler, adalgalar, düşünjeler hem ulanyşa girýär. Şu sebäpli daşary ýurt dillerinde ulanylýan şeýle sözleriň, adalgalaryň, düşünjeleriň düýp manysyny açyp görkezýän iki we üç dilli sözlüklere hem zerurlyklar ýüze çykýar.

Ýaňy-ýakynda, ýokary okuw mekdepleri üçin «Rusça-türkmençe-iňlisçe tehnologik sözlügi» (awtorlary: A. Penjiýew, G.Çonanow, B.Mämmedow – A.: Ylym, 2026) neşir edildi. Bu sözlük inžener-tehniki ugurda zähmet çekýän hünärmenlere, tehniki ýokary okuw mekdepleriniň, ýörite hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryna, talyplaryna we giň okyjylar köpçüligineniýetlenildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölüm