Skip to main content
Education news
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Portugaliýa Respublikasynyň Lissabon şäherine inklýuziw bilim ulgamy bilen tanyşlyk saparyny amala aşyrýarlar

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Portugaliýa Respublikasynyň Lissabon şäherine inklýuziw bilim ulgamy bilen tanyşlyk saparyny amala aşyrýarlar

19 Oct 2026, 18:07 185

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň ÝUNISEF-iň guramagynda 18–24-nji oktýabr aralygynda geçirilýän bu halkara çäre, ýurdumyzda inklýuziw bilimi kämilleşdirmek we maýyplygy bolan adamlary goldamagyň integrirlenen ulgamyny döretmek maksadyna gönükdirilýär.

Portugaliýa maýyplygy inkluziwleşdirmek we inkluziw bilim ulgamynda iň gowy tejribäniň halkara nusgasyna öwrüldi. Onuň tejribesi, esasan, bölünen goldaw görnüşlerinden doly inkluziw ulgama uzak möhletli geçişi sebäpli aýratyn gymmatlydyr.

Okuw saparynyň maksady, türkmen delegasiýasynyň utgaşdyrylan hyzmat ulgamyny döretmek we inklýuziw çemeleşmeleri ornaşdyrmak arkaly integrasiýalaşdyrylan maýyplygy öz içine alýan ulgamyň amaly durmuşa nähili geçirilip bilinjekdigi baradaky düşünjesini giňeltmekdir. Şeýle hem, ol Türkmenistanda maýyplygy öz içine alýan ulgamyň we inklýuziw bilim özgertmeleriniň indiki tapgyry üçin esas bolup hyzmat edip biljek esasy tapgyrlary we alnan sapaklary kesgitlemegi maksat edinýär. 

Adam hukuklaryna esaslanýan çemeleşmeden ugur alyp, Türkmenistan bilim gurşawynyň hilini, deňligini we inkluziwligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen strategik özgertmeleri durmuşa geçirýär, şol bir wagtyň özünde maýyp çagalar we olaryň maşgalalary üçin toplumlaýyn goldaw ulgamyny güýçlendirýär.

Milli wekilýetiň düzüminde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygynyň w.ýe.ýe. M.G. Pirliýewa, Umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni O.B. Alamyşowa, Aşgabat şäheriniň 74-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň müdiri               B.O.Muhammedowa hem-de 111-nji çagalar bagynyň müdiriG.A. Hudaýbergenowa dagylar wekilçilik edýärler.

Iş saparynyň başynda türkmen hünärmenleri Portugaliýanyň bilim edaralaryna, inklýuziw okuw merkezlerine baryp gördüler. Şol merkezlerde dürli ugra degişli hünärmenleriň (pedagoglar, psihologlar, logopedler) bilelikde işleşip, çagalar üçin özbaşdak okuw meýilnamalaryny taýýarlaýyş usullary öwrenildi. Esasy üns aýratyn zerurlyklary bolan çagalaryň adaty mekdeplere we çagalar baglaryna integrirleniş mehanizmlerine berildi. Okuw binalarynyň fiziki gurşawynyň hem-de okuw programmalarynyň aýratyn çagalar üçin uýgunlaşdyrylyşy baradaky amaly çözgütler seljerildi, synp otagynda okuwyň we utgaşdyrylan goldawlaryň çagalaryň irki ýaşdan başlap aragatnaşyk saklamagyna, gatnaşmagyna we jemgyýetiň bir bölegi hökmünde duýmagyna nähili kömek edilýändigi öwrenildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan başlangyçlary, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegine gönükdirilen maksatlary üstünliklere, rowaçlyklara beslensin!

Türkmenistanyň Bilim ministrligi