Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy çäreler geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 17-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedowyň şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatlara, olimpiadalara we ylmy bäsleşiklere taýýarlyk işleri baradaky hasabaty diňlenildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini ösdürmek, olaryň ylma we döredijilige höwesini artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň çäklerinde noýabr aýynda birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça halkara çäreler geçiriler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde informatika, sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Türkmen oba hojalyk institutynda agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi we agroinnowasiýalar boýunça halkara ylmy çäreler geçiriler. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde stomatologiýa we biologiýa ugurlary boýunça, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ykdysadyýet we maliýe boýunça, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bolsa ulag-logistika ulgamyna bagyşlanan halkara çäreler guralar.
Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa ugry boýunça halkara olimpiada we ylmy maslahat, Türkmen döwlet maliýe institutynda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary boýunça bäsleşik, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bolsa halkara parahatçylyk we ynanyşmak temasy boýunça internet olimpiadasy geçiriler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmegiň, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belläp, degişli halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek baradaky teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri dowam etdirmek boýunça tabşyryk berdi.