Syýasy söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 17-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda syýasy söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyň oktýabr aýynyň 15-ne Azerbaýjan Respublikasyna sapar bilen barandygy we Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça maslahatyň 7-nji sammitine gatnaşandygy, oktýabr aýynyň 16-na Ermenistan Respublikasynda Biodürlülik baradaky maslahatyň çäklerinde geçirilen Liderler sammitine gatnaşandygy bilen bagly birnäçe çykyşlar diňlenildi. Söhbetdeşlik «Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan doly ýazgy edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty