Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi

17 Oct 2026, 20:36 108

2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 17-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň jemgyýetçilik guramalarynyň Talyplar sport kluby bilen bilelikde guramaklarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitabyndan ugur alyp, talyp ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda talyp ýaşlaryň arasynda sporta bolan höwesi artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, bedenterbiýä we sporta bolan höwesi ýokarlandyrmak, şeýle hem ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Sportuň ynsan saglygyny goramakda, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan kämilleşmeginde, olaryň erki we maksada okgunlylygy terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda talyp ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, şahsy arassaçylygy berjaý etmek, zyýanly endiklerden daşda durmak we sport bilen yzygiderli meşgullanmak barada giňişleýin düşündirişler berildi. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň, olaryň beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmagyň ähmiýeti barada pikir alşyldy.Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy hem-de ýurdumyzda parahatçylygyň, agzybirligiň we bagtyýar durmuşyň mundan beýläk-de rowaç bolmagy arzuw edildi.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty