Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Dabaraly maslahat geçirildi

Dabaraly maslahat geçirildi

17 Oct 2026, 10:43 208

2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 16-syna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahat 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň oktýabr aýynyň 7-9-y aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen çärelere bagyşlandy. Dabaraly maslahatyň dowamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçirilen «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsultatiw duşuşygy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky ýokary derejeli mejlisi hakynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Dabaranyň dowamynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz we tans toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr tanslara tomaşa edildi. Dabaraly maslahat Altyn-Asyr: Türkmenistan teleýaýlymy tarapyndan doly ýazgy edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.