Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Halkyň ruhy hazynasy kitapdan başlanýar

Halkyň ruhy hazynasy kitapdan başlanýar

16 Oct 2026, 16:50 165

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň kitaphanasynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Watançylyk taglymaty” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Duşuşykda çykyş eden myhmanlar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýaşlar we olaryň bagtyýar durmuşy, nurana geljegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşine gönükdirmek maksady bilen giň möçberli işler alnyp barylýar.

Bu kitapda hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli şu ýylyň 2-nji sentýabrynda geçiren umumy okuw sapagyndaky Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şöhratly taryhy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi, ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň hem-de maşgalanyň öňündäki borçlary hakynda aýdan pikir-garaýyşlary kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigi giňişleýin beýan edildi.  

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, ýaşlaryň döwrebap şertlerde ylym-bilim almaklary, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri babatynda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.