Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Gaz guýularyny burawlamak we saklamak boýunça innowasion çözgütlere bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi

Gaz guýularyny burawlamak we saklamak boýunça innowasion çözgütlere bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi

16 Oct 2026, 10:21 261

2026-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde gaz guýularyny burawlamakda we uglewodorod serişdelerini saklamakda ulanylýan döwrebap tehnologiýalara bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, öňdebaryjy ylmy-tehniki tejribäni öwrenmäge we energetika pudagynda täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmaga gönükdirilen bu çäre Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal Tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda guraldy. Ol Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň goldawy bilen geçirildi.

Okuw maslahatynyň çäklerinde nebitgaz guýularyny burawlamagyň häzirki zaman usullary, uglewodorod serişdelerini netijeli özleşdirmegiň we ygtybarly saklamagyň tehnologiýalary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagyň mümkinçilikleri, wodorod ýangyjyny öndürmegiň usullary hem-de emeli aňyň energetika pudagyndaky ulanylyşy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň esasy ugurlarynyň biri hem bu pudaklarda gazanylýan ylmy-tehnologik ösüşler bilen tanyşdyrmak, şeýle-de mugallymlaryň, ýaş hünärmenleriň we talyplaryň nazary bilimlerini amaly tejribe bilen utgaşdyrmakdan ybarat boldy.

Klaustal Tehniki uniwersitetiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar tejribe alyşmak, hünär bilimlerini kämilleşdirmek we bilim-ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin şert döretdi. Uniwersitetiň ýaş hünärmenleri, mugallymlary we talyplary daşary ýurtly professor-mugallymlar bilen özara pikir alyşyp, energetika pudagynda ulanylýan täze tehnologiýalar barada maglumat aldylar.

Okuwyň dowamynda Germaniýanyň Klaustal Tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurluşy, ylmy-barlag barlaghanalarynda we ýöriteleşdirilen merkezlerinde alnyp barylýan işler, şeýle hem Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Bu tanyşlyk bilim we önümçilik bilen baglanyşykly amaly taýýarlygyň häzirki ýagdaýyny öwrenmäge, tejribe alyşmagyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Okuw maslahatynyň geçirilmegi energetika pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygynyň, innowasion tehnologiýalaryň we amaly bilimiň ähmiýetini ýene-de bir gezek görkezdi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek hem-de döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin döredilýän mümkinçiliklere ýokary baha berdiler. Şeýle şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti