Ýaşyl energetika we emeli aň boýunça okuw maslahatlary geçirildi
2026-njy ýylyň 14-15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň binýadynda ýaşyl energetika we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan ýörite “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň integrasiýasy” hem-de “Emeli aňy tejribede ulanmak” atly okuw maslahatlary üstünlikli geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal Tehniki uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek boýunça ähtnamanyň esasynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlık boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” taslamasynyň ýardamy bilen amala aşyryldy.
Çäräniň esasy maksady – gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini integrirlemek, geotermal energiýa, biomasassa, wodorod tehnologiýalary hem-de emeli aň ulgamlarynyň amaly ulanylyşy boýunça hünärmenleriň we talyplaryň potensialyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu okuw maslahatyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal Tehniki uniwersitetiniň halkara hünärmenleri we professor-mugallymlary gatnaşyp, institutyň ýaş hünärmenleri, mugallymlary, talyplary bilen tejribe alyşdylar.
Iki gün dowam eden okuw sapaklarynda energetika ulgamlaryny modelirlemek, elektrik energiýasynyň bahalandyrylyşy we konwertor tehnologiýalary boýunça giňişleýin düşündirişler berildi. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty