Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary Döwlet sylaglary bilen sylaglandylar

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary Döwlet sylaglary bilen sylaglandylar

14 Oct 2026, 15:14 195

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda il-ýurt ähmiýetli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler halkara derejede hem giňden ykrar edilýär.

Gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň uly paýy bardyr. Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, saglygy goraýyş işini ösdürmekde, döwlet we jemgyýetçilik işinde uly zähmet üstünliklerini gazanandyklary, ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň müdiri Orazgylyç Aşyrmämmedowiç Orazgylyjow, medisina himiýasy kafedrasynyň dosenti Gülnara Hojamgulyýewna Çaryýewa, göz keselleri kafedrasynyň assistenti Güljahan Tangiýewna Berdiýewa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandylar.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti