Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde daşaru ýurtly alymlaryň umumy sapaklary geçirildi
2026-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň ylmy maslahatyň çäklerinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Ýewraziýa Urologlar Assosiasiýasynyň aragatnaşyk we media taslamalar boýunça ýolbaşçysy, professor Wiktoriýa Şadýorkina tarapyndan “Urologiýada häzirki zaman sanly lukmançylygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak” atly, Koreýa Respublikasynyň Kýung Hi uniwersitetiniň Koreý adaty lukmançylygy boýunça lukmany Kim Ýeonhak tarapyndan “Koreý adaty lukmançylygyň nerw keselleri bejermekde tutýan orny” atly umumy sapaklary geçirildi.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti