Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde daşary ýurtly hünärmenler bilen özara duşuşyklar geçirildi
2026-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly abraýly alymlar, hünärmenler we lukmanlar bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň özara duşuşyklary gurnaldy.
Şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar uniwersitetiň okuw binalary, häzirki zaman ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen ylmy-barlag merkezleri, simulýasion otaglary hem-de talyplar üçin döredilen döwrebap şertler bilen ýakyndan tanyşdylar.
Myhmanlar Türkmenistanda saglygy goraýyş we lukmançylyk bilimi ulgamynda ýetilen belent sepgitlere, şol sanda dermanlyk ösümlikler esasynda alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine we gazanylan netijelere ýokary baha berdiler. Özara pikir alşylyp geçilen duşuşyklarda lukmançylyk ylmyny ösdürmek, talyplaryň we ýaş alymlaryň akademik mobilligini (hünär tejribe alyşmagyny) ýola goýmak, şeýle hem geljekde bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny amala aşyrmak babatda pikir alşyldy.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti