Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň (CADAP) çäklerinde CADAP-8 maksatnamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň 1-nji mejlisi barada maglumat

Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň (CADAP) çäklerinde CADAP-8 maksatnamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň 1-nji mejlisi barada maglumat

13 Oct 2026, 22:06 145

Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, dünýäniň öňdebaryjy döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen wajyp maksatnamalaryň we strategiýalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz energetika, ekologiýa, durnukly ösüş, bilim we saglygy goraýyş ýaly strategik ugurlarda sebitara we ählumumy taslamalary amala aşyrýar. Türkmenistan neşe serişdeleriniň ýaýramagyna we sarp edilmegine garşy göreşmek boýunça Ýewropa Bileleşigi (ÝB) tarapyndan maliýeleşdirilýän CADAP (Central Asia Drug Action Programme) maksatnamasynyň çäklerinde netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu meýilnama sebitde neşe serişdelerine bolan islegi azaltmak, öňüni alyş çärelerini kämilleşdirmek we milli strategiýalary güýçlendirmek maksady bilen durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda CADAP meýilnamasynyň öňki üstünlikli tapgyrlaryndan soň, täze CADAP 8 tapgyry boýunça tehniki hyzmatdaşlygyň çäklerini we zerurlyklaryny kesgitlemek maksady bilen Aşgabatda ýörite iş maslahaty geçirildi. Meýilnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde öňüni alyş we bilim ýaly ugurlary görkezmek bolar. Bu esasy kesgitlenen ugurlara laýyklykda sebit boýunça ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň öňüni almak we sagdyn durmuş ýörelgesini durnuklaşdyrmak üçin milli we medeni aýratynlyklara laýyk gelýän ýörite okuw maksatnamalary işlenip düzülýär. Şeýle hem halkara derejesinde tejribe alyşmak işleri hem dowam edýär.

CADAP 8 (Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň 8-nji tapgyry) — sebitde neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak, şeýle hem jemgyýetçilik howpsuzlygyny we durnuklylygy berkitmek maksady bilen amala aşyrylýan halkara taslamadyr.

Maksatnamanyň bu täze tapgyry 2026-njy ýylyň fewralyndan 2030-njy ýylyň iýulyna çenli dowam eder we bu täze tapgyr Ispaniýanyň FIAP guramasynyň ýolbaşçylygyndaky konsorsium tarapyndan, Fransiýanyň CIVIPOL guramasy we BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdiriýeti (UNODC) bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.

Maksatnama ylmy esaslara, adam hukuklaryna we gender deňligine esaslanýan deňagramly çemeleşmäni öňe sürýär we aşakdaky iki sany esasy düzüm bölegine bölünýär:

1. Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyny (üpjünçiligini) azaltmak we howpsuzlyk: BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdiriýeti (UNODC) tarapyndan utgaşdyrylýan bu düzüm bölek sebitara hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, serhet gözegçiligini gowulandyrmaga we neşe serişdeleriniň ýaýramagyna garşy göreşmäge gönükdirilendir.

2. Neşe serişdelerine bolan islegi azaltmak we saglygy goramak: Ispaniýanyň FIAP guramasy tarapyndan dolandyrylýan bu düzüm bölek saglygy goramaga gönükdirilip, neşekeşligiň öňüni almagy, bejeriş, dikeltmek we durmuş taýdan goşulyşma ýaly hyzmatlaryny kämilleşdirmegi maksat edinýär.

Maksatnama Merkezi Aziýanyň bäş döwletini (Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan) öz içine alýar. 2026-njy ýylyň iýun aýynda maksatnamanyň başlangyç tapgyrynyň çäginde sebit ýurtlarynda, şol sanda ýurdumyzda milli hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda maslahatlar (Needs Assessment Workshops) geçirildi we geljekki iş meýilnamalary taýýarlanyldy.

Öňki tapgyrlarda ýerine ýetirilen tehniki we maddy-enjamlaýyn goldawlaryň dowamy hökmünde, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň 8-nji tapgyry (CADAP 8) durnukly institusional ösüşi gazanmagy we sebitleýin maglumat alyş-çalşyny sanly tehnologiýalar arkaly kämilleşdirmegi maksat edinýär. Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen alnyp barylýan bu işler tutuş Merkezi Aziýanyň durnuklylygyna, howpsuzlygyna we jemgyýetçilik saglygynyň goralmagyna goşant goşar.

Halkara hyzmatdaşlygynyň bu ugry bilen baglanyşykly 2026-njy ýylyň 7-8-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň 8-nji tapgyrynyň (CADAP 8) çäklerinde geçirilen maslahata ýurdumyzdan hem wekilýet şol sanda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işgäri Berdinazar Haşyrow hem gatnaşdy. 2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda günüň ikinji ýarymynda maslahatyň açylyşy boldy we maslahatyň açylyşynda Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň, Yewropa Bileleşiginiň, BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdiriýetiniň (UNODC) wekilleri, Ispaniýanyň we Fransiýanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçileri hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri we beýleki maslahata gatnaşyjylar çykyş etdiler. Netijede Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň 8-nji tapgyry (CADAP 8) resmi taýdan herekete girizildi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda hem maslahat öz işini dowam etdi we Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň 8-nji tapgyrynyň (CADAP 8) Ýolbaşçy Komitetiniň 1-nji mejlisi geçirildi, oňa milli utgaşdyryjylar, ministrlikleriň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri we Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri gatnaşdylar. Bu duşuşykda maksatnamanyň täze tapgyry strategik taýdan meýilleşdirildi. Bu duşuşyga gatnaşyjylar tehniki hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny, býujeti bölüp bermegiň ugurlaryny we Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna esaslanýan neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň ýagdaýyna gözegçilik ulgamlaryny ornaşdyrmagy tassykladylar.

Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň 8-nji tapgyrynyň (CADAP 8) ýakyn ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri halkara ülňülere laýyk getirmegi, serhet howpsuzlygyny berkitmegi we sagdyn jemgyýeti kemala getirmegi maksat edinýär. 2030-njy ýyla çenli garaşylýan netijeler, sebit durnuklylygyna uly goşant goşar.