Skip to main content
Education news
Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň täze okuw ýylynyň açylyş dabarasy

Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň täze okuw ýylynyň açylyş dabarasy

13 Oct 2026, 17:16 263

2026-njy ýylyň 10-12-nji oktýabry aralygyndaky “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 11 oktýabrynda Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň täze okuw ýylynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, ýaşlaryň hünär bilimini kämilleşdirmek, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler beýan edildi.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň geljegi, bilim ulgamyny ösdürmek hem-de dünýä döwletleriniň ýaşlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada bellenildi.

Soňra Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen bilim ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň netijesinde döredilen Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň täze okuw ýylynyň resmi açylyş dabarasynyň geçirilýändigi yglan edildi.

Dabaranyň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory, professor Baýrammyrat Ýaýlymowiç Atamanow gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň rektory Wan Szinfu, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň rektory Ýuý Ligo sanly ulgam arkaly hem-de Şensi prowinsiýasynyň Bilim departamentiniň Ýokary bilim bölüminiň müdiri Ýan Pen gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Dabaranyň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory, professor Baýrammyrat Ýaýlymowiç Atamanow tarapyndan «Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi» hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary» taýýarlyk ugurlarynyň birinji ýyl talyplaryna diplomlar gowşuryldy.

Dabaranyň soňunda çärä gatnaşyjylara we hormatly myhmanlara minnetdarlyk bildirlip, işlerine uly üstünlikler arzuw edildi. Dabaradan soňra hytaýly myhmanlar Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň Geologiýa tejribehanalarynyň, Maglumat tehnologiýalar otaglarynyň barlaghana enjamlary, sanly serişdeleri we alnyp barylýan işleri barada giňişleýin tanyşdyryldy.

Soňra çärä gatnaşyjylar we myhmanlar tarapyndan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza bilim ulgamyny ösdürmek hem-de ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan işleri bilen bagly arzuw-dilegler beýan edildi.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti