Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Ýaşlygyň we innowasiýalaryň mekany: Aşgabatdaky Halkara sergi geljege giň ýol açýar

Ýaşlygyň we innowasiýalaryň mekany: Aşgabatdaky Halkara sergi geljege giň ýol açýar

12 Oct 2026, 10:40 238

Şu günler paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ajaýyp binasynda uly baýramçylyk we ylym-bilim dabarasy höküm sürýär. Geçirilýän Saglygy goraýyş, bilim we sport halkara sergisi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň aýdyň güwäsi bolup durýar. Bu uly çäre diňe bir dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we tehnologiýalaryny bir ýere jemlemek bilen çäklenmeýär, eýsem, ýaş nesilleriň, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň ylmy-döredijilik dünýäsine täze gadam basmagyna uly badalga berýär. Serginiň iň gelim-gidimli we joşgunly ýerleriniň biri hem bilim ulgamyna degişli bolan giň we döwrebap pawilýonlardyr.

Bilim ulgamynyň pawilýonlaryna gadam basanyňda, ilkinji nobatda ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynda gazanan sepgitleri gözüňe ilýär. Döwrebap bilim sergisinde mekdep okuwçylarynyň örän uly işjeňlik görkezýändigini bellemek gerek. Paýtagtymyzyň dürli mekdeplerinden gelen okuwçylar diňe bir tomaşaçy bolup durman, eýsem täze tehnologiýalary gyzyklanma bilen synlaýarlar, virtual tejribe otaglarynda, interaktiw tagtalarda işleýän täze programmalary synap görýärler. Bu ýerdäki sanly gollanmalar, robototehnika degişli görkezme enjamlary we programmalary mekdep okuwçylarynyň geljekde inženerçilik, IT we takyk ylymlar ugruna bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Olar sergide sanly dünýäniň mümkinçilikleri bilen tanyş bolup, geljekki hünär saýlawlaryny has-da takyk kesgitleýärler.

Bilim ulgamy bilen utgaşyklylykda, saglygy goraýyş we sport bölümleri hem örän täsirli dizaýny we mazmuny bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi, derman senagatynyň täze önümleri, şypahana-kurort ulgamynyň mümkinçilikleri we täze gurlan döwrebap hassahanalaryň diwarlyklary uly gyzyklanma döredýär. Ýerli dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan önümler dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän serişdeler hökmünde görkezilýär. Sport ulgamyndaky pawilýonlar bolsa ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň we köpçülikeýin sportuň nähili belent sepgitlere ýetendigini aýdyň görkezýär. Täze sport enjamlary, simulýatorlar we halkara ýaryşlarda gazanylan medallar sergä gelýänlerde uly buýsanç duýgusyny oýarýar.

Jemläp aýdanymyzda, bu halkara sergi diňe bir gazanylan üstünlikleriň jemlemesi bolman, eýsem geljege tarap ädilýän ynamly ädimdir. Bilim, saglyk we sport ulgamlarynyň bir ýere jemlenmegi ýaş nesliň hem ruhy, hem fiziki taýdan kämil bolup ýetişmegine gönükdirilendir. Biz ýaşlara döwrebap bilim almak, ylym bilen meşgullanmak, sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin şeýle giň şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahraman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirýäris! Ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlary geljekde hem täze belentliklere ýetsin!

Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň Umumy orta bilim bölüminiň hünärmeni K.Muhammetorazow