ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY ÇAP EDILDI
Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkyň saglygyny goramak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýola goýmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda köp işler durmuşa geçirilýär. Keselleri ir anyklamak we netijeli bejermek, keselleriň öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullarydyr tejribeleri ornaşdyrmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, raýatlara elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek babatda hem üstünlikli netijeler gazanylýar.
Ýaňy-ýakynda, has takygy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňýanynda ýurdumyzyň lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Rentgenologiýa» okuw kitaby (awtorlary: M.Jumaýew, H.Hydyrow, T.Durdyýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) çap edildi. Munuň özi häzirki we geljekki lukmanlar üçin özboluşly sowgatdyr.
Bu okuw kitabynda ýörite bilimli, öz kärine ussat saglygy goraýyş hünärmenlerini taýýarlamak maksady bilen häzirki zaman radiologiýasynyň we rentgenologiýasynyň gazananlaryny görkezýän maglumatlar, ylmyň we tehnikanyň täze innowasion usullary ýerleşdirildi. Okuw kitabynda täzeçe çemeleşme hökmünde keselleri we patologiýalary rentgen şöhlesi bilen bejeriş bölümi giňişleýin beýan edilip, rentgen şöhle bejergisinde ulanylýan enjamlaryň suratlary we ony ulanmagyň usullary baradaky maglumatlar getirildi.
«Rentgenologiýa» okuw kitaby talyplaryň, şeýle hem bu ugurda işleýän hünärmenleriň keselleri we patologiýalary anyklamakdaky bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmakda hem-de raýatlarymyzyň kesellerini irki derejelerde anyklap, netijeli bejergini geçirmekde uly ýardam berer.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi