Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY ÇAP EDILDI

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY ÇAP EDILDI

09 Oct 2026, 23:56 72

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda «Il saglygy – ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, ynsan saglygyna döwletimiziň iň gymmatly baýlygy hökmünde garalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baş saglygyny goramak ugrunda köp işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda lukmançylyk ulgamy ýokary depginli ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar.

Ýaňy-ýakynda, has takygy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňýanynda ýurdumyzyň lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Onkologiýa» okuw kitaby (awtorlary: Jumaýew M., Hydyrow H., Hojamyradow J. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) çap edildi. Munuň özi häzirki we geljekki lukmanlar üçin özboluşly sowgat boldy.

Bu okuw kitabynda howply we howply däl täze döremeler, olaryň etiologiýasy, patogenezi, döwrebap anyklaýyş we bejeriş usullary beýan edilýär. Kitap iki bölümden ybarat. Okuw kitabynyň birinji – onkologiýanyň umumy meselelerine bagyşlanan bölüminde howply täze döremeler baradaky umumy maglumatlar, olaryň morfologik, biohimiki we biologik aýratynlyklary, kanserogeneziň nazaryýetleri, täze döremeleriň anyklanylyşynda we bejergisinde ulanylýan ýokary tehnologiýaly usullar görkezilýär. Ikinji bölümde bedeniň dürli, ýagny dem alyş, iýmit siňdiriş, peşew işläp çykaryş, kelle we boýun, aýal jyns agzalarynyň, merkezi nerw ulgamynyň howply we howply däl täze döremeleriniň etiologiýasy, toparlandyrylyşy, anyklaýyş we bejeriş usullary hem-de öňüni alyş çäreleri baradaky maglumatlar giňden beýan edilýär.

Okuw kitaby diňe talyplar üçin däl-de, eýsem, lukmançylyk ulgamynda işleýänleriň ählisi üçin hem gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi