Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
“Awaza - möhüm we ähmiýetli işewürlik meýdança” atly syýasy söhbetdeşlik

“Awaza - möhüm we ähmiýetli işewürlik meýdança” atly syýasy söhbetdeşlik

09 Oct 2026, 11:59 236

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde “Awaza - möhüm we ähmiýetli işewürlik meýdança” atly söhbetdeşligi taýýarlap, teletomaşaçylara hödürledi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň diňe bir dynç alyş däl, eýsem ýokary derejedäki syýasy-diplomatik gepleşikleriň, halkara sammitleriň geçirilýän uly merkezine öwrülendigine biz ýene bir gezek şaýat bolduk.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda täze we has işjeň tapgyra gadam basdy. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 7-9-njy oktýabrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy şeýle hem Hazar ekologiýa Sammiti diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem global geosyýasy we geoykdysady giňişlikde hem aýratyn strategik ähmiýete eýedir. Awazada döwlet baştutanlary, ministrler, halkara guramalaryň wekilleri we bilermenler ýygnandylar. Taryhy wakalaryň esasy üns merkezine syýasat, ykdysadyýet, ekologiýa we ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri bolýar. Bu ugurlar babatda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda maslahatlar, medeni çäreler we sergiler geçirilýär. Bu ýokary derejedäki çäreler Sebitara hyzmatdaşlygy täze basgançaga çykarmak, Ýewraziýa ulag-energetika geçelgelerini ösdürmek we Hazar deňziniň ekologik deňagramlylygyny saklamakda bilelikdäki çözgütleri kabul etmek üçin uly meýdançadyr. 7-nji oktýabrda Awazada «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogy öz işine başlapdy. GDA-da 2026-njy ýyl «Saglygy goramagyň ýyly» diýlip yglan edilipdi.

   Häzirki wagtda Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen Baku halkara deňiz portunyň arasyndaky ýük dolanyşygy artdyrylýar. Hytaý–Merkezi Aziýa–Kawkaz–Ýewropa ugrunda iň gysga we bäsleşige ukyply logistika zynjyry döreýär. Sebitde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini (gün we ýel energiýasy) ösdürmek, elektroulgam torlaryny birleşdirmek arkaly Ýewropa ugry boýunça «ýaşyl energiýany» eksport etmegiň gelejegi barada pikir alyşyldy. Hazar deňziniň suw derejesiniň çekilmegi we klimatyň üýtgemegi sebäpli ýüze çykýan ekologik töwekgelçilikleri ylmy taýdan öwrenmek we bilelikdäki gyssagly çäreler meýilnamasyny işläp düzmeklik barada tagallalar birleşdirildi. Ekologiýa meselesi, tebigaty goramak, eko taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek meselelerem bu taryhy wakalaryň esasy meselesi boldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda: «Türkmenistan dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatda halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär» diýip belläpdi. Çykyş edenler gazanylýan üstünliklerden ruhlanyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti