Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
GÖÇME OKUW SAPAGY GURALDY

GÖÇME OKUW SAPAGY GURALDY

09 Oct 2026, 09:37 237

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň halypa mugallymlary bilen talyplaryň gatnaşmagynda Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebine göçme sapagy gurnaldy. Bu göçme sapagynyň esasy maksady talyp ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly barada maglumat bermek we mekdebiň maglumat tehnologiýalar hem-de kiberhowpsuzlyk ugurlaryna ýöriteleşendiginden ugur alyp, ýokary synp okuwçylary bilen tanyşdyryş okuw sapagyny guramakdan ybarat boldy. Talyplar ilki mekdep muzeýi bilen tanyşdylar. Ol ýerde Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoluny, ikinji Jahan urşy ýyllaryndaky sylaglaryny we beýleki resminamalary görkezilen maglumatlar bilen tanyşdylar. Soňra dürli ugurlar boýunça türkmen halkynyň ösüşine uly goşant goşan Yzgant obasyndan bolan meşhur şahsyýetler baradaky maglumatlar talyplarda uly täsir galdyrdy.  Göçme sapagynyň dowamy uniwersitetiň emeli aň we kiberhowpsuzlyk boýunça mugallymy ýokary synp okuwçylar bilen tanyşdyryş okuw sapagyny geçdi. Mugallym emeli aň we häzirki zaman sanly tehnoligiýalaryň ýeten sepgitleri hem-de bu ugur boýunça uniwersitetde hereket edýän hünärler barada tanyşdyryş okuwyny gurady. Bu okuw sapagy okuwçylaryň geljekde häzirki zaman hünärlerini saýlap almaklygy üçin täsirli okuwlaryň biri boldy. Göçme sapagynyň dowamynda mugallymlar, magistrantlar we talyplar mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly barada özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.