Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Türkmenistanda Hasyl toýy mynasybetli ýaş alymlaryň agrostartaplarynyň bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda Hasyl toýy mynasybetli ýaş alymlaryň agrostartaplarynyň bäsleşigi geçiriler

03 Oct 2026, 15:06 162

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ýaş alymlar Geňeşi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş alymlarynyň arasynda «Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegidir» atly agrostartaplaryň ylmy taslamalarynyň sergi bäsleşigini geçirer. Bäsleşik Türkmenistanda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna bagyşlanýar. Bu barada bäsleşigiň Düzgünnamasynda bellenilýär.

Resminamada bellenilişi ýaly, bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag işini alyp barýan ýaş alymlar gatnaşyp bilerler. Olar oba hojalygy we daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly ylmy taslama işlerini we pikirlerini hödürläp bilerler. Täjirleşdirmäge mümkinçilikleri bar bolan, täze harytlary, önümleri, tehnologiýalary ýa-da ylmy-tehniki, tehnologik barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen hyzmatlary işläp taýýarlamak boýunça işler kabul edilýär. Bäsleşik «Bilim hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Rasionalizatorçylyk işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda kesgitlenen kadalara laýyklykda guralýar.

Bäsleşik 2 tapgyrda geçiriler. I tapgyrda gatnaşmak diňe ýekelikde amala aşyrylýar. Eksponatlar hökmünde oba hojalyk ylmynda we durmuşda ulanylýan tehnikanyň we tehnologiýanyň derejesini şöhlelendirýän tehniki enjamlar, modeller-nusgalar, mehanizmler, abzallar we enjamlar, tehniki işläp düzmeler-taslamalar, şeýle hem modelleriň, maketleriň we beýleki enjamlaryň kömegi bilen görkezilýän geljekde ulanyljak tehnikanyň görnüşi hödürlenip bilner.

Düzgünnama laýyklykda, eksponatlar sergi üçin niýetlenen görnüşde taýýarlanylmaly we häzirki zaman dizaýnynyň hem-de estetikanyň talaplaryna laýyk gelmeli, abzallar we apparatlar bolsa işleýän görnüşinde bolmaly. Ähli eksponatlar ýangyn we elektrik howpsuzlygynyň talaplaryna, olaryň hereket edýän bölekleri howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmeli. Eksponatlar ylmy-barlag işiniň many-mazmunyny we netijesini görkezmeli. Taslamanyň goralmagy üçin gatnaşyja 5 minut wagt berilýär; taslamanyň ylmy esasyny ýa-da çylşyrymlylygyny nazarda tutup, bu wagty uzaltmaga eminler toparyna hukuk berilýär. Her eksponat üçin pasport taýýarlanylýar. Serginiň jogapkär işgärine eksponatlar bilen bilelikde enjamyň ady, işläp taýýarlamanyň döredijilik böleginiň mazmuny we işleýiş düzgüni görkezilen maglumat, gurnama resminamalarynyň ýeke-täk ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýän çyzgylar we shemalar, ulanylan edebiýatlaryň we çeşmeleriň sanawy, patent ýa-da şahadatnama bilen goralýan işläp taýýarlamalar ulanylan ýagdaýynda bolsa patentiň we oýlap tapyjylyk şahadatnamasynyň nusgalary tabşyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryna çenli yasalymlargenesi@gmail.com salgysyna ýüzlenmek arkaly ýa-da özleri barada maglumatlary ugradyp hasaba durmaly. Hasaba alnan gatnaşyjylar taslamasyny doly görnüşde taýýarlap, onuň işjeň ýagdaýy baradaky beýany prezentasiýa görnüşinde, mümkin bolsa goşmaça 1-3 minutlyk düşündirişli wideo ýazgy bilen ugratmaly. Guramaçylyk topary I tapgyryň netijelerini 2026-njy ýylyň 1-nji noýabryna çenli yglan eder, bu barada gatnaşyjylara jaň etmek ýa-da sms arkaly habar berler. I tapgyryň ýeňijileri 2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde gurnaljak sergi bäsleşigine öz işleri bilen gatnaşarlar.

Ylmy işler we taslama işler hasaba alnandan soň uniwersitetiň guramaçylyk topary işlere baha bermek boýunça degişli edaralardan we guramalardan bitarap eminler toparyny döreder. Bäsleşigi geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk işlerini uniwersitetiň Ýaş alymlar Geňeşi amala aşyrýar. Gatnaşyjy berlen bahadan närazy bolsa, garaşsyz bilermenleriň gatnaşmagynda arza-şikaýat topary döredilýär. Toparyň çözgüdine täzeden seredilmeýär. Bäsleşigiň ýeňijileri gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar bilen sylaglanylar.

Habarlaşmak üçin: tel.: +99365131712, e-poçta: yasalymlargenesi@gmail.com.