Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary «John Deere» kompaniýasynyň önümçiligi bilen tanyşdylar
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlaryndan we talyplaryndan ybarat topar 2026-njy ýylyň 19 — 26-njy sentýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda hem-de Niderlandlar Patyşalygynda önümçilik tejribeligi geçdi. Tejribelige gatnaşan 2 mugallym we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 10 talyby «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň Ýewropadaky önümçilik kärhanalarynda döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdy. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Saparyň dowamynda türkmen wekilleri Germaniýanyň Mangeým şäherinde ýerleşýän traktor zawodyna, şeýle hem «Lehr und Versuchsanstalt Neumuhle» maldarçylyk ylmy, okuw-önümçilik kärhanasyna baryp gördüler. Bu ýerde «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň tehnikalarynyň ulanylyşy we synagdan geçirilişi bilen tanyşdylar.
«John Deere forum» merkezinde kompaniýanyň hünärmenleri onuň dörediliş taryhy, ösüş tapgyrlary, gazanan üstünlikleri we geljekki meýilnamalary barada giňişleýin maglumat berdiler. Sapara gatnaşyjylar dürli kuwwatly traktorlaryň öndürilişiniň ähli tapgyrlaryna, ýagny aýry-aýry şaýlaryň taýýarlanylyşyndan başlap, taýýar tehnikalaryň ýygnalyşyna çenli bolan işlere syn etdiler. Şeýle hem müşderileriň aýratyn isleglerine laýyklykda önümçilik mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.
Tejribeligiň çäklerinde Niderlandlar Patyşalygynyň Horst şäherindäki «John Deere» kompaniýasynyň tirkelýän we özi hereketlenýän pürküjileri öndürýän zawodynda hem sapaklar geçirildi. Türkmen wekilleri bu ýerde döwrebap pürküjileriň önümçiligi, olaryň innowasion tehnologiýalary bilen tanyşdylar.
Hünärmenler «ExactApply» ulgamynyň dökünleri we ösümlikleri goraýjy serişdeleri has takyk ulanmaga mümkinçilik berýändigini, «See and Spray» tehnologiýasynyň bolsa kameralaryň kömegi bilen haşal otlary kesgitläp, diňe zerur ýerlerde pürkmäge şert döredýändigini düşündirdiler. Şeýle-de önümçilik toplumynda öndürilýän M700i, M900i, R414i, R4150i kysymly pürküjiler, şeýle hem täze önümçilige girizilen 550R kysymly özi hereketlenýän pürküji bilen tanyşyldy.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary Germaniýanyň Frankfurt şäheriniň we Niderlandlar Patyşalygynyň paýtagty Amsterdamyň taryhy hem-de medeni ýerlerine baryp, şäherleriň gözel künjekleri bilen tanyşdylar.