Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Dabaraly çäre geçirildi

Dabaraly çäre geçirildi

02 Oct 2026, 15:00 141

2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 1-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Mary welaýatynyň hormatly Il ýaşulylarynyň, kümüş saçly eneleriň, institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Halkara ýaşulular güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Dabaranyň dowamynda her ýylyň 1-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasyna girýän döwletleriň ählisinde Halkara ýaşulular güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigi dogrusynda birnäçe çykyşlar we gutlaglar diňlenildi. Dabaranyň dowamynda hormatly Il ýaşulylara, kümüş saçly enelere we professor-mugallymlara baýramçylyk mynasybetli institutyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuruldy. Soňra bolsa institutyň ruhubelent talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty