Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
“Geňeşli il – döwletli il” atly tegelek stol gepleşigi      

“Geňeşli il – döwletli il” atly tegelek stol gepleşigi      

01 Oct 2026, 18:58 92

2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Her ýyl altyn güýzüň ilkinji aýynda Garaşsyzlygymyzyň şanyna uludan toýlanylýan baş baýramymyzyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmeginde-de uly many bar. Jemgyýetçilik-syýasy taýdan örän uly ähmiýete eýe bolan bu waka ýurdumyzyň Garaşsyz ösüş ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitleri seljermek, geljegi nazarlap, iň wajyp wezipeleri kesgitlemek üçin möhüm pursatdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty giň jemgyýetçiligiň wekillerini, şol sanda ýaşlary bir döwrede jemleýän umumy milli forumdyr. Bu il ähmiýetli döwlet çäresi mynasybetli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde söhbetdeşlik taýýarlady.

Çykyşlarda bellenilşi ýaly, il bähbitli, ýurt ähmiýetli wajyp wezipeleri, möhüm meseleleri köpçüligiň pikirini diňläp, halka sala salyp çözmek ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň biridir. Türkmen halkynda indi däbe öwrülip giden bu ýörelge agzybirlik, jebislik, durnukly ösüş ýaly umumy jemgyýetçilik ähmiýetli gymmatlyklaryňdyr ýurtda durmuş-ykdysady taýdan gazanylanlaryň has berkidilmeginde-de möhüm orna eýedir. Çünki, milli demokratiýanyň özboluşly alamatlarynyň biri bolan geňeş däbinde il-ýurt bähbitli, jemgyýetçilik ähmiýetli meselelerde raýatlaryň öz pikir-garaýyşlaryny, tekliplerini beýan etmegi arkaly syýasy taýdan işjeňliginiň artmagyna, durmuşa geçirilýän özgertmelere öz sesini, goşandyny goşmagyna giň mümkinçilikler döreýär. Türkmen jemgyýetinde şeýle demokratik däpler, asylly ýol-ýörelgeler berkidilip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ugurda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Gadam basylan 2026-njy ýylyň şygaryndan ruhlanyp, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, şanly ýylda döredijilikli we netijeli zähmet çekmelidiris diýip, çykyş edenler aýtdylar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti