Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
TITU-da emeli aň bilen güýçlendirilen Elektron uniwersitet ulgamy işe girizildi

TITU-da emeli aň bilen güýçlendirilen Elektron uniwersitet ulgamy işe girizildi

30 Sep 2026, 16:56 130

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýokary bilimiň dolandyrylyşyny döwrebaplaşdyrmak, okuw işlerini awtomatlaşdyrmak we akademiki maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen döredilen Elektron uniwersitet ulgamy tapgyrlaýyn görnüşde işe girizilip, häzirki wagtda uniwersitetiň okuw we dolandyryş işleriniň möhüm bölegini bitewi sanly gurşawda birleşdirýär.

Taslamanyň üstünde işler 2025-nji ýylyň başynda başlanyp, şol ýylyň sentýabr aýyndan başlap ulgam tapgyrlaýyn görnüşde ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda ulgam 4700 bakalawr we 200 magistr talybyny, 250-den gowrak mugallymy, akademiki işgärleri hem-de 30-a golaý administratiw ulanyjyny bitewi sanly gurşawda birleşdirýär.

Elektron uniwersitet ulgamynda talyplardan başlap, mugallymlara, kafedra müdirlerine we okuw işlerine jogapkär ýolbaşçylara çenli esasy ulanyjylar üçin aýratyn sanly şahsy otaglar döredildi. Her bir ulanyjy öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda zerur akademiki we administratiw maglumatlara bir bitewi ulgam arkaly elýeterlilik alýar.

Mugallymlar we kafedra müdirleri elektron žurnallar arkaly talyplaryň sapaga gatnaşygyny we ýetişigini hakyky wagtda dolandyryp bilýärler. Talyplar hem öz gezeginde sapaklaryň tertibine, okuw maksatnamalaryna, dersler boýunça okuw serişdelerine, ylmy makalalara, kitaplara, gollanmalara, prezentasiýalara we wideoroliklere ulgam arkaly elýeterlilik alyp bilýärler.

Ulgamda aýlyk synaglaryň, aralyk, jemleýji we gaýtadan tabşyryş synaglarynyň netijelerini elektron görnüşde ýöretmek, degişli resminamalary PDF görnüşinde taýýarlamak we talyplaryň transkriptlerini awtomatiki döretmek mümkinçilikleri hem göz öňünde tutulandyr.

Elektron uniwersitet ulgamynyň aýratyn möhüm taraplarynyň biri emeli aň tehnologiýalarynyň akademiki analitika bilen birleşdirilmegidir. Ulgamda toplanýan akademiki maglumatlar seljerilip, talyplaryň ýetişigindäki ýagdaýlara, dersleriň özleşdirilişine we okuw prosesiniň netijeliligine degişli maglumatlary almaga mümkinçilik döredilýär. Emeli aň esasly analitika özleşdirilmesi kyn bolan dersleri we goşmaça akademiki goldawa mätäç bolup biljek talyplary ýüze çykarmaga kömek edýär. Bu bolsa okuw prosesini maglumatlara esaslanyp dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Ulgam talyplaryň sapaklara gatnaşygyny elektron görnüşde dolandyrmagy, onlaýn testleri geçirmegi, elektron kitaphanadan peýdalanmagy we zerur okuw maglumatlaryna çalt elýeterliligi üpjün edýär. Şeýle hem Android we iOS mobil goşundylary arkaly Elektron uniwersitet ulgamyndan peýdalanmak mümkinçiligi döredildi.

Uniwersitetiň işgärleriniň işe geliş-gidişini awtomatiki hasaba almak üçin Face ID tehnologiýasyna esaslanýan modul hem Elektron uniwersitet platformasyna birleşdirildi.

Taslamanyň möhüm aýratynlyklarynyň biri onuň 100 göterim uniwersitetiň öz hünärmenleri we talyplary tarapyndan işlenip taýýarlanylmagydyr. Bu bolsa uniwersitetiň öz içinde sanly çözgütleri döretmäge we häzirki zaman tehnologiýalaryny okuw-dolandyryş işlerine ornaşdyrmaga ukyply hünärmenleriň we talyplaryň gatnaşmagynda täze tehnologiki ekoulgamyň kemala gelýändigini görkezýär.

Elektron uniwersitet ulgamynyň döredilmegi bilen okuw we dolandyryş prosesleriniň köpüsi bitewi sanly gurşawda jemlenip, akademiki maglumatlara elýeterlilik, maglumatlary dolandyrmak, okuw netijelerini seljermek we degişli çözgütleri kabul etmek üçin täze mümkinçilikler döredildi.

Elektron uniwersitet ulgamy - Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň öz hünärmenleri we talyplary tarapyndan döredilen, emeli aň tehnologiýalary bilen güýçlendirilen we döwrebap sanly uniwersitetiň ösdürilmegi üçin tehnologiki binýat bolup hyzmat edýän innowasion taslamadyr.